Salam hormatly agzalar we myhmanlar! Jan saglyklar gowymy? :) shu wagtlar türkmenistany "oriflame" kosmetik firmasy basyp alan ýaly boldy. Köçede, obshitde, bazarda, okuw jaýymyzda "oriflame" satyp ýörler. Gyzyklanyp gördüm weli eddil Quest.net ýaly zat eken. Bashda Oriflame.ru saýtynda agza bolmaly ekem. Ashgabatda mir mikraýonda merkezi bar. Olar saña katalog (harydy reklama etýän zhurnal) berýärler. Onam aýlap satybermeli. Her bir satan zadyña bal berilýär eken. Näçe balyñ köp bolsa, shonça-da köp girdeji bolýar. Eger-de sen ýanyñ bilen adam alyp barmaly eken. Olam seniñ üçin peýda bolýar. Quest.net-den tapawdy ýok eken. hormatly agzalar! siz oriflame set marketing hakda doly maglumat bilýän bolsañyz ýazyñ. Shondan baýan adam bir barmyka? Men umumy ýashaýysh jaýynda dostumyñ otagyna barsam, hökman maña bir zat satjak bolýar. Almasamam gaty gören bolýar. Menem goshjak bolýar. Siz nähili pikir etýäñiz?

Köneler, Bayram-Jm tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir