Salam saýtyň agzalary we Magtymgulyşynaslar. Ilki bilen hemmaňizi Magtymgulynyň şygyrýet baýramy bilen gutlaýaryn. Içinmizede Magtymguly atamyzyň goşgylaryny bilmeýän az-azdyr. Şol goşgulary okap görseňiz käbirlerinde biz üçin düşnüksizlikler ýüze çykýar. Ony bolsa Magtymgulyny öwrenijileriň hersi özüçe düşündirýär, her hili jedeller ýüze çykýar. Mysal üçin Magtymguly Pyragynyň Ýaranlar diýen goşgusynda "Dört müň dort ýüz ýaşan Lukman hekimiň" diýen setirleri bar, emma ylym 4400 ýaşap bolmajagyny tassyklaýar. Men eýýam Magtymgulyny öwrenijilerden munuň köp düşündirişini aldym, hemmesinede ynanyp otyrmaly, ýöne asly nämeka?! Ýa-da bolmasa "suwdan ot çykar" , "ýer göteren sary öküz" diýen setirleri bar, bu näme? Magtymgulynyň "Agy Bäş" diýen goşgysyny okap göreseňiz köp düşünişmezliler bar(meselem: säher wagty dogan keýwan, garasy kyrk müň agy bäş). Beýleki köp goşgularyndada şeýle ýagdaýlar bar. Umuman Magtymguly Pyragynyň köp goşgulary dilden dile geçip biziň döwrümize ýeten, şonda bolsa bolsa goşgularyň ýoýulyan ýerlerem bolandyr. Meselem "atamyň" diýen goşgusynda "Atlmyş yaşda..." diýlip başlanýan ýerine duşýan, käbir ýerlerde "Altmyş bäşde..." diýlen ýerlerine duşup bolýar. Ýa-da bolmasa "Ogul-gyzyň ýatça bolmaz" diýen setirlerinde bu ýerde "ýat yan-ýoldaşyň" diýip düşündirýärler. Emma ýene biri ol setirler beýle bolmaly däl(ýoýulan) ol setir "Ogul gyz zürýatça bolmaz" (ýagny oglyň gyz çagaň ýaly seredip bilmez) diýýär. Umuman şeýle düşünişmezlikler kän. Eger-de Magtymguly Atamyzyň goşgularyny sizem düşündiraýseniz. Belki özüňizçe pikir edýän setirleriňizem bardyr.

Köneler, DangerOus tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir