Salam hormatly talyplar we agzalar!. "lg electronics" we "microsoft" shereketleri hyzmatdashlygyny barha artdyrýarlar. Täze shertnamanyñ çäklerinde "lg electronics" elli sany täze "windows mobile" atly akylly jübi telefonyny satuwa çykarar. Shereket "windows mobile" telefonlarynyñ salylyshyny 2009-njy ýylda on esse artdyrmagy göz öñünde tutýar. "lg elektronics" 2012-nji ýyla çenli 26 sany täze akylly telefony satuwa çykarar. Metbugata beýanat beren "lg electronics" shereketiniñ ýolbashçysy ýong nam "windowsy ýakynda ulanmaga bashlan telefonlaryñyz barha ösüp barýan bazardaky talapdan ýerlikli peýdalanar" diýdi. Nam "windows mobile" platformasynyñ internet bilen shahsy kompýuterleri baglaýan aýratynlygy ulanyjylara has amatly gyzmatlar hödürleýändigini aýtdy. "microsoft" shereketiniñ ýolbashçylaryndan stew ballmer bolsa "windows mobile" programmalaryny "lg" telefonlarynyñ tehnologiýasy bilen birleshdirmek bilen, ulynyjylaryñ durmushynda uly ýeñillikleriñ peýda boljakdygyny aýtdy. Ballmer "telefonlaryñ ulanyjylaryñ islän hyzmatyndan has añsat peýdalanmagyna mümkinçilik berjekdigini, malumatlara has çalt eýe boljakdygyny habar berdi.

Köneler, Rowshen-Jm tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir