guyz gunlerining biridi. yagysh chisngap yagyardy. men howlukmach oyume tarap baryardym. bu gun oye irrak yygnayyn diyip, ongki gidyan yolumy uytgedip parkyng ichinden alngasap baryarkam, ''dayy'' diylen ses meni sakga duruzdy. sesing gelen tarapyna seretsem, 8-9 yashlaryndaky chaga, pessayja osyan guyz shemalynyng sowujagyna kibtini gysyp, kurtdurip durdy. ayagyna geyen kowshuning burnyndan basham barmagy mese-malim gorunip durdy. ayagyna geyen joraplarynyng, biri gyzyl, biri ak, hordan inchemik yuzi, almang sapyna chalym edyan boyny,birnache gun bari yuwulmadyk sachjagazlary yuregimi daglady. yanyna golaylashyp: -salam jigimjan. ha, name boldy? yekeje ozing name ishleyang bu yerde?! oyungiz nirede? diyip,sowal bilen yuzlendim. 2-3 minut yaly sesini chykarman durdy. songam dodajygyny chommaldyp, gozuning ashgyndan manga seredip, barmajygy bilen 15 metr toweregi ileride, parkyng oturgyjynda oturan bir ayal mashgalany gorkezdi. birden inim tikeneklap gitdi. namaning, namedigine az kem dushunipdim. bilmediklige salan bolup: -kim ol? name boldy? diyip, yene soradym. gyzjagaz ahyry: -ejem... pul... oyumiz uzakda dal... yagdaya angyr yany bilen dushundipdim.sebabi shunga mengzesh wakalary onda-munda eshidipdim hem beletdim. duran yerimden uzaklashmak isledim. yone gyzjagazyng nayynjar garayshy, yakamdan tutyp ''gitmay-da, biz ach'' diyyan yalydy. ''muncha bolanyna gora'' diyip ichimi humledip, gyzjagaz bile ejesining oturan yerine bardym. yashy 30 den gechen, alyn dishining biri dowuk, dangynan yaglygynyng rengki solup giden bir Turkmen ayalydy. men gashymy chytyp: -Gurgunmysyngyz? saglykmy ozi? diyen boldym. -jogap yok. utanyanlygy bes-bellidi. ozim ongurdip, diyjek zadyny dinglemezlik uchin: -ish guych yokmydy? kocha chykmangda, adamyngyz ishlanokmy?! diyen boldym. songam ichimden ''iling gunune nabeletmi name? diyip oz-ozume gengirgendim'' yuzume seredip yene gozuni ashak salyp: -ish yok. ariming agzy hapa(neshekesh)diyip, gozune yash aylady. bir eli bilen gozuning yashyny supurip, gurrungine dowam etdi. -meningem bashga chykalgam yok. name edeyin? diyip, sozuni kesdi. gelining nalamasy yuregimi elendirdi. duranyma 15 min chemesi bolansong koche tarapdan gechyan adamlar hem bize seredonsong, biynjalyk bolup ugradym. Elim bilen balagymyng jubulerini dashyndan gezdirip, syrt jubumden chykan 10 mun manady uzadyp: -dogan ynha, al. bereyin diysem mende-de bashga uytgeshik zat yok, diyip gitmekchi boldym. Yanyndan uzaklashmankam: -gayrat et-da, jan uyam! mertirak bol. kocha chykybam-a chagalarynga uytgeshik horek berip bilesing yok. sang-da dushunyan. Yone, ‘’chagalarymyng geljegi uchin edyan’’ diyip, chagalaryngyzyng gelejiginden yykyanlygyzy hem biling. shu gara goz gyzjagazynga seret ahyryn. bu hem geljekki ene.ertirki gun gyzjagazyngam sengki yaly yagdayda bolanda, ol hem sening shu wagtky edyan zadyngy etjek bolar. sheylelikde ongem-a yiligi iyilen jemgyyetimiz bir adim onge dal-de, yza teser. Yuzuni gapdala sowyp mening diyen zatlarymy tassyklayjy ahengde, bashyny atdy. Men adimlerimi uly- uly adip uzaklashynymda, arkamdan: -komeging uchin tangryyalkasyn, diydi. Yorap baryarkam gurbannazar pahyryng, ‘’ …dushun lalam sheyle bir gun dogar, sachlaryng ustume gar bolup yagar’’ setirleri yadyma duship, gun geler, o guni biz dogurarys, shonda bizing nachar uyalarymyz gara gun uchin parkda namysyny satman, eysem chagajyklarynyng elinden tutyp tebigatyng tasinligini synlarlar. Ana, menem shonda, gojalan yuregime ding salyp, chalaran sakgalymy sypalap, baglaryng yapraklarynyng arasyndan gechip yuzume dushyan guning shuglasyna gozumi gamashdyrap, chyndan yylgyraryn…

Köneler, Dagarman tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir