Salam hormatly agzalar we myhmanlar! Siziñ ulanýan "nokia" telefonyñyzyñ taryhyny bilmek gyzyklydyr. Nokia shäheriniñ ady onuñ gapdalyndan geçýän nokianvirta derýasy bilen baglanshykly bolupdyr. "nokianvirta" gadymy fin sözi bolup "sosna tokaýlygy" diýmegi añladýar. Nokiada ulanylýan sms sesi morze-niñ kody bolupdyr. "nokia tune" sazy ispanýaly sazanda kompozitory fransizka tarreranynyñ "gran vals" sazydyr. Saz |xx asyrda döredilipdir. Bashda rington awtoryñ adyna ulanylýan eken. 1998-nji ýylda "nokia tune" adyny alyp nokia kompanýanyñ simwoly bolup galýar. Taryhyndan: 1865-nji ýylda finlýandiýaly telekeçi fredrik idestam kiçiräjik kagyz fabrikasyny açýar. Fabrikanyñ adyna "nokia ab" diýip atlandyrýar. Nädip kagyz fabrikasy dünýäde birinji ýerde duran telefonlary öndürip bashladyka??? Bashda kagyz öndürýäler, soñra rezin önümlerine geçýarler, ondan soñam kabel önümlerini öndürýäler. wagt geçýär, kompanýa ösýär. Soñra elektronika önümlerini öndürýäler. 1981-nji ýylda ilkinji nmt (1g) tehnalogýasy döredilýär. 1991-nji ýylyñ 1-nji iýulynda ilkinji ( 2g) gsm formatynda jañ edilýär. 2001-nji ýylda ilkinjij (3g) formatynda jañ edilýär. 1992-nji ýylda ilkinji 1011 modelli nokia portotip telefony öndürilýär. 1993-nji ýylda ilkinji sms merkezini döretýär. 1994-nji ýylda aziýanyñ bazarlaynda ýer alýar. 1998-nji ýylda nokia ericsson we motorala bilen birleship "symbian" öndürýäler. 1999-nji ýylda wap-serwirini döretýär. 2001-nji ýylda ilkinji mms merkezi döredilýär. P.s. 2006-njy ýylda bayram-jm nokia telefonyny ulanyp bashlaýar:). Hormatly agzalar! Sizem bilýän maglumatlaryñyzy goshsañyz gowy bolardy:).

Köneler, Bayram-Jm tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir