Assalamu aleykum hormatly agzalar, Pygamberimiz s.a.w. aydyp gechen mubarek hadysy-sherifleri her bir musulman adamyn durmush yol-yorelgesidir. Shonda musulman adam Hudayyn razychylygyny gazanar.Rasulullah s.a.w. oz durmushynda kop hadyslary aydyp gechen. Hadyslar gysga aydylan hem bolsa ozunde uly manylary jemlapdir. Shol sebapden olara "Jowamygul kelim" hem diyipdirler. Jowamygulkelim diymek ozi gysga yone manysy uly diymek. Menem shu yerde taryhchy we din alymy Ryzaeddin ibnu Fahreddinin "Jowamugylkelim sherhi" atly kitabynyn turkmche terjimesinden pygamberimiz s.a.w. aydan hadysy-sheriflerini yazmakchy. Umyt edyan size-de yarar, inshallah. Pygamberimiz s.a.w. aydypdyrlar: Allah tagala sizin suratynyza we mal-dunyanize dal, belki yüreginize we edyan amallarynyza bakar.(Jamygy Tirmizi we Sahyh Muslim, 2j. 280 sah) Sherhi: Göwüni saplaman, amaly gowulandyrman, eden ishin her nache yagshy bolsun, malyny her nache köp sarpla Allah tagala sana rahmaz nazary bilen garamaz we shol amallar barabaryna sogap hem bermez. Onun rahmat bilen seredyan we sogap beryan zady pakize göwün we yhlas bilen edilyan amallardyr. Eger zekatlar we sadakalary ryya (il görsün üchin) etman, berilmeli yerlere berilse, we lazym amallar, hususan namaz-oraza yaly we beyleki din sütünlerini yerine yetirilse, shonda dash sypatyn her hili hem bolsa Allah tagala rahmat bilen nazar eder. Her halda her ishde yhlas gerek.

Köneler, asylly tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir