Mewlid näme diýmekdir? mewlid kandili nämedir? mewlid "dogulma wagty" diýmekdir. adamzadyň gutulyşy üçin goýberilen soňky we iň beýik pygamber, biziň Pygamberimiz(s.a.s.) 571-nji ýylda kamary aýlardan Rebiü'l-ewwel aýynyň 12-nji gijesinde dünýä indi. bu mübärek gijä-de "mewlid kandili" diýilýär. Pygamberimiz Hezreti Muhammed(s.a.s.) hakynda Onuň doglan döwründe dünýäniň her tarapynda jahyllyk, ahlyksyzlyk, zulum höküm sürýärdi. Alla ynanjy unudyldy, ynsanlyk gorkunç we garaňky hala geldi, dünýä ýaşalmajak derejä geldi. söýgüli Pygamberimiz(s.a.s.)'iň habardar eden, duýduran, getiren Yslam dini bilen dünýä ýagtylandy, ýeke-täk Alla ynanjy bilen kalblar nurlandy. deňlik, adalet we doganlyk geldi. oňa ynanan milletlewr hakyky huzura gowuşdy. O(s.a.s.)'nuň doglan gijesi, adamzadyň gutulyşy üçin örän haýyrly we mübärek gijedir. mewlid kandili hakynda bu gije, musulmanlar arasynda ýüzýyllyklaryň dowamynda uly bir joşgy bilen gutlanyp gelinýär. söýgüli Pygamberimiz(s.a.s.)çuňňur hormat bilen ýatlanylýar. Pygamberimiziň(s.a.s.) doglan günlerinde okalan mewlidleri hormat bilen diňlemek, O(s.a.s.)'nuň m‎übärek ruhuna salat we salam okamak şübhesiz, türkmen halkymyzyň Sö‎‎ýgüli Pygamberimiz(s.a.s.)'e bolan çäksiz sö‎ýgisiniň we O(s.a.s.)'ňa bolan baglylygynyň bir subutnamasydyr. Munuň bilen bilelikde, O(s.a.s.)'nuň ahlak we fazylat bilen doly bolan durmuşyny öwrenmek we özümize ‎ ýol-ýörelge edinmek, iň başdaky wezipelerimizdendir. Asyl şol wagt O(s.a.s.)'nuň söýgüsini we razylygyny gazanarys. Mewlid Gijesinde edilip bilinäýjek ybadatlar, okalyp bilinjek doga-dilegler Bu gözel günde we hepdede Pygamberimiz Hezreti Muhammed(s.a.s.)'e köp-köp salawaty-şerif okap bileris. Salawaty-Serif: Allahümme Salli Ala se‎ýýidinä Muhammedin we Ala Ali seýýidinä Muhammed. Bu gije mukaddes kitabymyz Gurhany-Kerim'i hemişekiden köpräk okamalydyrys. Bu gije mümkin bolsa wagyt namazlarymyzy metjitlerde okamaga çalyşmalydyrys. Hem metjit we jemagat sogabyndan peýdalanmaly, hem-de, beýleki musulman doganlarymyz bilen bütinleşmeli, kandillerini gutlamalydyrys. Bu gije tesbih namazyny okap bileris, eger, ýatsy namazy üçin metjide gitsek we giden metjidimizde tesbih namazy okaljak bolsa, tesbih namazyny-da jemagat bilen okap bileris. 2009 Mewlid kandili haçan? Haýsy gije? Rebiü'l-ewwel aýynyň 11-nji we 12-nji günleri arasyndaky gije, mewlid kandilidir. 2009-njy ýyl üçin bu wagt 8-nji marty 9-njy marta baglaýan gije, ýagny, bazar gününi 1-nji güne baglaýan gijedir. nämäni gutlamaly? nädip gutlamaly? oturyp, bu gün Pygamberimiz(s.a.s.)'iň doglan güni, "Allajan, bu mübärek günüň hatyrasyna, yslamiýýeti öwrenjekdigime we şoňa görä ýaşajakdygyma söz berýärin" diýeliň. soňra-da, Pygamberimiz(s.a.s.),näme edipdir, nähili ýaşapdyr, namazyny nähili okapdyr, agzyny nähili bekläpdir, özüne edilen sütemlere nädip çydapdyr, nähili doga-dilegler edipdir, Allatagaladan nämeler isläpdir, ymmatyna nämeleri maslahat beripdir, bularyň hemmesini pikirlenmelidiris. o(s.a.s.)'nuň durmuşy hakynda ýazylan kitaplary okamalydyrys we özümize mysal alyp durmuşymyza ornaşdyrmalydyrys, ýagny, sünnetlere uýmalydyrys... Allatagalany söýmegiň alamaty nämedir? Allatagalanyň diýenlerini, bize buýranlaryny etmek. ybadatlary parz, wajyp, sünnet gezekli-gezegine berjaý etmekdir. Allatagalany söýmegiň alamaty şudur. bular ýok bolsa, söýmegem ýokdur!.. Hemmäňiziň kandiliňiz mübärek bolsun, Allatagala(j.j.) bu gijede etjek ybadat we doga-dilegleriňizi Kabul eýlesin bizi bu gijäniň bereketinden we sogaplaryndan ýararlanan, peýdalanan gullaryndan eýlesin… Allatagala(j.j.) hemmämizi Pygamberimiz(s.a.s.)'iň ýolundan gidenlerden we Pygamberimiz(s.a.s.)'iň şepagatyna erenlerden eýlesin…ämin!

Köneler, şakird tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir