Bu gün! Bu gün studente, berilýär pul - stipendiýa! Bu gün! Bu gün, gör, birgiden çykyp boljak bergiden! Tamam okuw hem kafedra! Kim teatr, kim kafeda! Saç syrylyp, atyr kükäp, alynýar tom-tom kitap! Bu gün, bu gün, gör, inçeden edilýär örän kyn jedel! Bu gün! Bu gün arzyly gün: arzygülli arzygülin, sonagülli, sonagülün, ýene gülli, ýene gülün kino ýa parka çagyrýar... ... A çaryýar? Ah, çaryýar! Gör, bir giden, gör, birgiden, çykyp bolup, bar bergiden, indi kimden karz alarka? Indi kimden karz alarka?

Köneler, Bayram-Jm tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir