Salam hormatly talyplar! Ýazýan ýazgylarymyzy google hödürleýär bu ady goýanymyñ sebäbi, biziñ talyplar.com-da ýazýan ýazgylarymyzy google gözlek saýty üçin materýal bolýar. Indi pikir edip görüñ! Biz türkmen dilindäki peýdaly ýazgylar ýazsak, türkmen internediniñ arhiwini baýlashdyrýas. Men googlde "darkroomposse" (türkmen rap topary) hakda gözleg edipdim. Shonda talyplar.com-da crip-t-iñ ýazan ýazgysyny çykardy. Talyplar.com saýty bilenem shonda tanyshdym. Meniñ aýtjak bolýan zadym biz türkmen halkymyza gyzykly, geljekde gözlänlerinde biziñ ýazgylarymyzy okap, bize sag bolsun diýer ýaly ýazgylar ýazaly. Men "kliniki ölüm" diýen ýazgymy ýazanymda google-den materýal gözledim. Ýöne türkmen dilinde tapmadym. Soñ özüm bilýän zatlarymy ýazdym. Shu wagt "kliniki ölüm" hakda gözletsem türkmen dilindäki ýazgym çykýar. Meniñ aýtjak bolýanym, bärde biderek sögüshüp otyrmalyñ. Türkmen internet ulanyjylar üçin peýdaly ýazgylar ýazaly. Olar taryhda, arhiwde galar diýsemem ýalñysh bolmazmyka diýýän. Hormatlamak bilen (ashajygyny oka:))

Köneler, Bayram-Jm tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir