Çagalyk döwri iň gyzykly döwürleriň biri. Köp adam çagaka oýnan oýunlaryny, dostlaryny, goňşylaryny hiç ýatdan çykarmaýa. Häzirki zaman çagalaryny bilemok welin biz çagakak dynman, ýadaman oýnaýan oýunlarymyz bardy. Olardan ýadyma düşýänler 5 daş(5 sany daşy her hili el hereketleri bilen ýokary zyňyp gapyp oýnamaly), 3 düzüm (munyň kadalary ýadyma düşenok), mak (aýagyň bilen daş depiip oýnalýa, öňünden çyzgy bilen ýere çyzylýa ýollar), balon sürmek(köne, zyňylan pakrişkalar), karta oýnamak(6 karta, wşm.), aşyk, çilik (uzaga çöp zyňyp oýnalýa), dah-dah (2 topar bolup atyşmaşak oýnaýadyk).... Bugün irden çagalyk döwrüm gözöňüme geldi welin şu ýere ýatlama hökmünde ýazasym geldi. Gaty köp oýun bardy, bu oýunlara çagalaryň milli oýunlary diýäýmeli. Häzirki döwürde bu oýunlar oýnalýamyka obalarda zatda? Siz çagakaňyz şu ýa-da şuňa meňzeş oýunlary oýnaýadyňyzmy?

Köneler, asuda tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir