Remezan diýerler aýyň ýagşysyn ...
Remezan aýynda agyz bekleýän we beklemeýän musulmanlaryň bilmeli käbir zatlary barada ýatlalyň.Ilki bilen Allatagalaň Remezan bilen bagly Kurany Kerimde buýran zatlary bilen tanşalyň. " Bakara süresiniň 183-nji aýady. Eý, iman getirenler! (Siziň günä işlerden saklanyp) takwalardan bolmagyňyz üçin, sizden öňkülere parz edilişi ýaly, size hem sanalgy günlerde oraza tutmak parz edildi.
184. Bes, sizden bir adam (oraza
günlerinde) hassa ýa-da ýolagçy bolsa(we agzyny açsa), ol sanalgy günlerini(tutup bilmedik günleriniň kazasyny)başga günlerde tutar. (Ýaşy ýa-da ejizligi sebäpli) agyz beklemäge ýaramaýan adamlar bir misginiň bir günlük tagamy
mukdary ýaly fidýe (töleg) bermeli. Kim öz islegi bilen has artyk ýagşylyk etse(gereginden artyk berse), ol ýagşylyk onuň özünedir (öz bähbidinedir). Eger bilseňiz, agyz beklemegiňiz sizin üçin
(fidýe bermekden ýa-da hassalyk sebäpli,agyz açmagyňyzdan) has haýyrlydyr.
185. Remezan aýy ynsanlara dogry ýoly(hidaýaty) görkezýän we dogry (hak)bilen egri ýoly (batyly) biri-birinden tapawutlandyrýan äşgär alamatlary (özünde jemleýän) Kuranyň inderilen aýydyr. Kim bu aýa ýetse, onda agyz beklesin! Sizden bir adam (bu aýda)
hassa ýa-da ýolagçy bolsa, ol (tutup
bilmedik) sanalgy günleriniň (kazasyny)başga günlerde tutar. Alla (ybadatlaryň)siziň üçin ýeňil bolmagyny isleýär, size kyn bolmagyny islemeýär. Bular siziň
(oraza aýynyň) sanalgy günlerini doly tutmagyňyz we (Onuň) sizi dogry ýola gönükdirenligi üçin Allany (hamdy-sena) bilen wasp we şükür etmegiňiz üçindir".
Kä bir adam "Agzymy beklejek welin işleýändä "—diýýär. Allah bendesine başaryp bilmejek işini buýrmaz. Muňa mysal goňşy obadan bir demirçi ussa geçen Watançylyk urşunda urşa gidýär we ol şol ýerde "Allajan şul uruşdan sag-aman öýüme barsam ölýänçäm agzymy beklejek"—diýipdir. Ol öýüne sag-aman gelip ölýänçä gün sypdyrman agzyny bekläpdir. Özem onuň işi demirçi ussa bolan ,göz öňüňize getiriň tomsuň ot ýaly yssysy onuň daşyndan demiri gyzdyrjak güýçli oduň howry ,şeýle hem demri ýençgilemek üçin sarp edilýän köp güýç .Şeýle bolsada ol adam kynçylyga döz gelip sözünde durupdyr. Şonuň üçin her hili agyr iş bolsa bolsun Allaha yhlasly bendeler gaýrat görkezip agzyny bekläpdirler we bekleýärler.
Özini musulman hasaplaýan Allah bendesiniň Remezan aýynda agyz beklemän gazanýan günäleri,çekýän zyýanlary kändir,şeýle hem ol bende agyz beklemän nähili ýagdaýda bolýar şolaryň käbiri bilen tanyş bolalyň.
1. Allahyň buýrugyny etmeýändigini bilmelidir. (Allahyň buýrugyna tabyn bolman günä galýar,sen mysal üçin aýdaly ýolbaşçyň ýa prezidentiň diýenini etmeseň nähili zyýan çekmegiň mümkin bärde bolsa bar zady ýaradan,hemme zada güýji ýetýän Allahyň buýrugyna üns bermeýäň)
2. Daň atandan gün batýança iýip-içýän zatlarynyň barynyň haram bolýandygyny bilmelidir. (Göýä suw içsede arak içýän ýaly ýa goýun-sygyr etini iýsede doňuz etini iýýän ýaly haramdyr. Bir tapawudy Allah arak-doňuzy mydama haram etdi,beýlekileri diňe Remezan aýynda gündüzlerine haram etdi) Dogry ýaş çagalar,çaga emdirýän zenanlar,gaty garran adamlar, ýarawsuzlar,ýolagçylar diýen ýaly orazadan boşadylanlar ýa wagtlaýyn boşadylanlar muňa degişli däldir.
3. Allahyň Remezan aýynda agyz bekleýän üçin berýän sogaplaryndan galýandygyny bilmelidir.
4. Saglygyny berkitmeklikden galýandygyny bilmelidir. (Agyz beklemek bedeni arassalaýar we ýaşardýar,ylym tarapyndan subut edilendir,Ýaponýaly alym agyz bekläp açlyk çekmegiň peýdasyny subut edip medsinada Nobel baýragyny aldy)
5. Adamyň Allahyň buýrugyny ýerine ýetirip alýan şatlyk-begenç duýgusyndan mahrum galýandygyny bilmelidir.
6. Şeýtany we Allahyň duşmanlaryny begendirýändigini bilmelidir.
7. Musulmançylygyň abraýyny gaçyryp ýaşlara ýaramaz görelde görkezýändigini bilmelidir.

Eý agyz beklemeýän musulman bendesi gel sende Beýik Allahyň buýrugyna tabyn bolda agyzyňy bekle,Allatagalaň onuň üçin berjek tükeniksiz sogaplaryndan paýyňy al,we onuň buýrugyny etmändigiň üçin ahyretde berjek ýowuz jezasyndan gutul,şeýle hem agyz bekläp ruhy şatlyga ,beden kuwatlygyna gowuş.
Oraza aýynda agyz beklemek diňe daň atandan gün batýança aç-suwsuz gezmek diýmek däldir. Orazada esasan 3 ýagdaýda bolmaga çalyşmaly.
1-njiden,aşgazany we bedeni aç-suwsuz saklamak we beýleki bedene kuwwat beriji serişdeleri ulanmazlyk (däri-derman)
2-njiden,gözüňi haramdan saklamak (dinde günä hasaplanýan zatlara seretmezlik),diliňi gybatdan, ýaramaz sözlerden,gep ýaýratmakdan aldawçylyk-ýalandan,gulagyňy hem şeýle,el bilen ýaramaz zatlary eldemezlik,aýak bilen ýaramaz ýerlere gitmezlik diýen ýaly beýleki beden agzalaryňa hem oraza tutdurmaly.
3-njiden, ýüregiňi,kalbyňy Allatagalany unutdurjak zatlardan arassa saklamaly.
Barymyza Beýik Allahyň buýruklaryny ýerine ýetirip ahyretimizi gazanmak nesip etsin !

Sorag-jogap, Barbary tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir