Käriň diýip agartdyň sen saçymy,
Bilýäň şundan iýmeli men aşymy,
Ýurist bolup goraryn seň daşyňy,
Zybagözel,saýlap söýen ýarym sen.

Aşym berse berip bilmez bagtymy,
Dogry halaýan dälsiň men kärimi,
Kärim diýip göýbermerin ýarymy,
Zybagözel,saýlap söýen ýarym sen.

Döwlet aýdar sensiň göwün ganatym,
Seni söýüp gitdi sabyr takatym,
Hiç bir zada çalyşmaryn ak bagtym,
Kärim dälde saýlap söýen ýarym sen.

Döwlet Ýazgeldiýew 16.10.2020ý.

Edebiýat, nekrasow tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir