Gün geler küýsärsiň ýitirenleňi,
Ana şonda hiçkim gelmez ýanyňa.
Ýatlarsyň kimler üçn çeken dertleňi,
Asla seni hiçkim salmaz ýadyna.

Bag soldumy gelmez miwe beresi,
Göwni ýyksaň gider eken höwesi,
Herkişiň kalbynda bardyr ýarasy,
Her bir ynsan derman bolmaz janyňa.

Ýagtylyk bar ýerde garaňky bardyr,
Söýgüsiz ýürege bu dünýe dardyr,
Ýamana garaňda ýagşylyk azdyr,
Namart gelmez mätäç kişiň dadyna.

Bäş günlik ýalançy geçer düýş kimin,
Başarsaň ýagşy bol almaka zemin,
Şygry okan düşer bar bolsa zehin,
Akmak ýetmez akyllynyň aňyna.

Döwlet diýer ýaşym ýetmez wesýete,
Söze däl seretmeli häsiýete,
Päk ýürek ýan bermez ýaman niýete,
Ýagşy adam şükür eder halyna.

Döwlet Ýazgeldiýew

Edebiýat, nekrasow tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir