Bir gezek bir adam şäherdäki goh-galmagaldan halys ýadap,bezgek bolup özüne hiç-hili sessiz,parahat ýer gözlemegi niýet edinipdir. Ol adam şeýle niýet bilen ýanyna azyk we beýleki zerur gerek zatlaryny alyp tokaýa gidipdir. Tokaýyň içinde şu ýeri ýuwaşlyk ses-üýn ýok diýip hasaplan ýerinde düşläpdir. Ol ýer birbada ýuwaş ýaly görünsede biraz wagtdan mör-möjekleň pessaý sesleri we guşlaryň jürküldeýän sesleri,agaçlaryň şahalarynyň şemala galgaýan sesleri ýene ol adamyny binjalyk edip başlapdyr. Ol adam soň ol ýerini taşlap daga gidipdir.3-4 gün iş edinip gözläp bir dagyň gowagyny tapypdyr. Ol adam ýaňy bir ynjalyp rahatlyga gowuşdym diýse,şol ümsümligiň içinden bir ýerde ýere damýan damja suwuň sesi wagt geçdigi saýyn güýçlenýän ýaly bolup ol adamyň ynjalygyny alyp başlapdyr.
Onsaň ol adam ümsümligi ýörüte ses geçirmeýän zatlardan taýýarlanan ýörite otag döredip gazanmasa isleýän ümsümligini gazanyp bilmejegine düşünip şeýle otagyň gurulşugyna başlapdyr.We ýarym ýyl iş edinip,harajat çykaryp ahyrsoňy isleýän otagyny gurnapdyr. Ine asuda otag,hiç zat päsgel bermejek ýaly welin,ine birden "tik-tyk,tik-tyk" edip elindäki goşar sagadynyň sesi gelip başlapdyr. Ol adam gahar-gazaba münip elindäki goşar sagady aýyryp ony diwara zyňyp pytyradyp goýberipdir.
Ana,indi päsel berjek hiç hili ses ýok diýip adam ulydan demini alypdyr welin "tuk-tuk,tuk-tuk" edip onuň öz ýüreginiň urgusynyň sesi kem-kemden batlanýan ýaly bolup ol adamyň bar ynjalygyny alypdyr.

NETIJE : Kalbyň rahatlygy daşky täsirlere bagly däldir. Bar zat öz içimizden çözülmeli—durmuşdaky hemme problemalar we çözgütler özümizden çözülýär. Şol ýeke-täk netijä göz ýetirseňiz siziň durmuşyňyz ep-esli ýeňlär. Siz öz rahatlygyňyzy bozýan ýagdaýlary daşky täsirlerden gözlemän öz durmuşuňyzda zerur adam bolan ÖZÜŇIZ bilen rahatlykda ýaşamany öwrenmekden gözläň !

Rusçadan terjime

Edebiýat, Barbary tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir