Ölçerip dünýäniň agyr ýüküni,
Agramly bölegin egne atdym men.
Gyşyň açan näzik nowça gülüni,
Güýz paslynyň alkymyna ekdim men.

Sentýabr aýydy ykbalmyň güleni,
Oktýabr aýydy ýüregmiň ýanany,
Noýabr aýydy söýenmiň söýeni,
Aýlar aşyp yhlasyma ýetdim men.

Gijäniň tümlügi senlikde ýagty,
Haýystym almagyn menden ak bagty,
Tylladan gurdum men, seň üçin tagty,
Şalaryň tagtyn saňa bagş etdim men.

Gyssanma söwdügim ýanymda eglen,
Gaty sözler bilen ýüregňi dilmen,
Ýüregimden asla goparyp bilmen,
Söýenim ýekeje seni söýdüm men.

Döwlet diýer, sen ýara aşyk boldum,
Ugruňda diwana saralyp soldum,
Jennetiň gülüni seň üçin ýoldum,
Sen gözel dildara magşuk boldum men.

By:Döwlet Ýazgeldiýew 27.02.2021ý.

Edebiýat, nekrasow tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir