Meniň näzik,ejiz göwnüm,
Gel sen bilen gürleşeli!
Her gözeli söýme göwnüm,
Gel indi biz dilleşeli!

Seň söýeniň seni söýmez,
Ýürekdäki duýgyň duýmaz,
Döken ýaşlaň asla görmez,
Şonuň üçin sözleşeli!

Gitjegi hiç saklamagyn,
Gidenden soň yzlamagyn,
Söýgi hakda sözlemegin,
Şeýdip indi dilleşeli!

Döwlet diýer göz monjugym,
Sensiň meniň söz joşgunym,
Ýeke agyzdyr diýjegim
Söýgi hakda gürleşeli!

By:Döwlet Ýazgeldiýew

Edebiýat, nekrasow tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir