Öýden çykyp, daşda üýşüp oýnardyk,
Çagalyk ýyllarym ýat bolduň indi.
Kowalaşyp oýnap, gülüp ýaýnardyk,
Şol günler hiç ýatdan çykmajak gündi.

Käteler uruşyp, käte gülüşip,
Käbiri aglardy ýykylyp düşüp,
Bir-birege söýeg bolup ýapyşyp,
Oýnardyk bileje çaga wagtymyz.

Birimiz gözlärdik, tapylsak birden,
Galanymyz gizlenipjik ýörerdik,
Ýykylany üýşüp galdyryp ýerden,
Kömege mätäje ýardam bererdik.

Uruşaýsak, daşlaşardyk sögüşip,
Häzir ýörüs, gyzlar bilen söýüşip,
Oýnardyk biz öýi kellä geýişip,
Ýatlama bolduň sen çagalyk wagtym.

Awtory: Söhbet Döwletow

Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir