Porsche kompaniýasynda ulaglaryň şassilerini işläp taýýarlamaklyga jogap berýän Manfred Harrer geçen ýylyň ahyrynda Apple kompaniýasyna geçdi. Business Insider neşiriniň habar bermegine görä, 48 ýaşly Harrer Volkswagen Group-yň iň gowy hünärmenleriniň biri hasaplanylýardy. Ondan öň, Harrer Audi-de, soňra BMW-de rul dolandyryşy boýunça iş alyp bardy. Soňra ol Porsche geçdi. Soňky birnäçe aýlap, ol Porsche Cayenne taslamasyny dolandyrypdy.

Harrer Volkswagen Group-da 13 ýyl işledi we kompaniýany geçen ýylyň ahyrynda terk etdi.

 Soňky maglumatlara görä, Apple doly derejeli elektrokar döretmek üçin Hyundai bilen hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär. Analitikleriň çaklamagyna görä, Apple elektromobili üçin Hyundai E-GMP platformasyny peýdalanmak isleýär.

 Harrer Porsche-niň Apple kompaniýasyna geçen ýeke-täk işgäri däl. 2016-njy ýylda Kupertinodaky kompaniýa Porsche-niň ýaryş awtomobilleri maksatnamasynyň öňki tehniki direktory Aleksandr Hitsingeri hem özüne işe alypdy.

Täzelikler, Black Wolf tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir