Atom ýadrosy ýok edilende uly energiýany ulanýan aşa weýran ediji güýji bolan bomba. ABŞ-nyň Manhattan taslamasy bilen Ikinji jahan urşy döwründe ony ösdürip, Herosima we Nagasakide ulandy. Soň bolsa SSSR-iň önümçiligi sowuk urşa sebäp boldy.

Adamlarda uly ýigrenç gorky duýgusyny döreden, hiç kimiñ ulanmaga gaýraty çatmaýan Atom bombany Amerika Ýaponiýa garşy ulanandyr.

Ýadro ýaragy, ýadro reaksiýasyny we ýadro bölünişigini bilelikde ýa-da has güýçli birleşmek arkaly alnan ýokary weýran ediji ýaragdyr. Umumy partlaýjy maddalardan tapawutlylykda has köp zyýan üçin ulanylýar. Diňe ulanylan ýaragyň, näme bolsa-da, tutuş şäheri ýa-da ýurdy doly ýok etmek güýji bar. Atom bombasy bir şäheri ýada meýdany ýok edip biler. Düşen ýerini küle öwürýän atom bombasy Dünýäniñ iñ uly ýadro ýaraglaryndan biri hasaplanýar. Şuwagta çenli ulanylan howply ýaraglaryñ hataryna girýär. Ýarylanda bulutlanmasy ýerden 20 km ýokary galyp biler. Ýagny bomba ýarylanda bulutlanmasy düşen ýerinden 20 km ýokaryk galýar.



Atom bombasy haýsy ýurtlarda bar ?

Ýadro kluby, ýadro ýaragyna eýe bolan ýurtlaryň adydyr. Oňa ABŞ (1945-nji ýyldan bäri), Russiýa (aslynda Sowet Soýuzy: 1949-njy ýyldan bäri), Beýik Britaniýa (1952), Fransiýa (1960), Hytaý (1964), Hindistan (1974) girýär., Päkistan (1998) we KHDR (2006). Ysraýylda hem ýadro ýaraglary bar diýip aýdylýar.

NATO birleşiginde başgada köp ýurtlarda ýadro ýaraglaryñ bardygy aýdyldy.

Käbir bilermenler käbir ýagdaýlarda bu ýurtlaryň ýadro ýaraglary ulanjakdygyna ynanýarlar.

Amerika Uranyum 235 görnüşli, «Little boy» ady berilen Atom bombasyny 2 nji Jahan urşynda 1945 nji ýylyñ 6 njy oktýabrynda bäşinji gün sagat 8:15 de Ýaponiýanyñ Hiroşima şäheriniñ üstüne atdy. Onuñ bilen ýetinmän diñe 3 gün soñra 9 njy oktýabrda «Plutonyum 239», «Fat man» ady berilen ýene bir Atom bombasyny 11:02 de Nagasaki şäheriniñ üstüne atdy. Bu taryhda bolan iñ uly ýadro çaknyşmalaryñ biridir.

Çep tarapda Hiroşima atylan bomba, sag tarapda Nagasaki şäherine atylan bomba

Netijede Hiroşimada 140 müñ, Nagasakide bolsa 80 müñ adam ýogaldy.

Amerika Atom bombalary ulanmanka, nyşana alynan ýerlerde hiç howa çozuşy bolmajakdygyny duýurdy. Şeýlelik bilen duýdansyz ýagdaýda parahat oturan ilatyñ üstüne Atom bombalary añsatlyk bilen atyldy.

1945 nji ýylyñ 1 nji iýunynda bolan ýygnakda Amerika esgerleriñ toplanan bölegini nyşana almak barada karar kabul etdi. Soñra Atom bombasynyñ taşlanmaly yeri hökmünde Yokohama we Kyoto şäherleri nyşana alynmaly diýip karar çykardylar. 14 nji iýulda bolsa Yokohama we Kyoto şäherleri nyşandan aýrylyp ýerine Nagasaki saýlandy. 1945 nji ýylyñ 25 nji iýulynda ABŞ nyñ prezidenti Truman soñ kararyny berdi we Nagasaki, Kokura, Hiroşima, Niigata şäherleri saýlandy. 2 nji oktýabrda Niigata nyşandan çykaryldy we birinji nyşan Hiroşima ikinji nyşan Kokura üçünji nyşan Nagasaki diýip saýlandy.

Atom bombasyny göterýän «Enola gay» atly uçar Tinian adasyndan 6 njy oktýabrda sagat 1:27 de asmana galdy.

Enola Gay uçary şuwagt muzeýde

1:49 da surat düşürmek buýrugy berilen «Nesessary evil» atly uçar asmana galdy.

Tinian adasyndan Hiroşima çenli barmak 7 sagatdy. Atom bombasyny göteren uçaryñ sürüjisi Paul Tibbetsdir (1915-2007) Tibbets «Bizim göterýän bombamyz birinji Atom bombasydyr» diýip seslendi. 



Uçar 2000 metrden galyp 8700 metre çykdy. Şikoku atly şäheriñ üstünden geçip barýarka Ýapon ordularynyñ radaryna düşdi we 1 nji geçişde Yapon ordulary atyş etsede zyýan bermedi. Sagat 8:13 de Hiroşima şäherinde ýene bir howa radary tutuldy we Chugooku baştutany «Duşmanyñ 3 uly uçary Saijo üstünden Günbatara tarap gelýär» diýip habar berdi. Sagat 8:15 de bolsa «Enola gay» Atom bombasyny Hiroşimanyñ üstüne taşlady. Atom bombasy 43 sekunt düşmäni dowam etdi. 8:16 da ortaça 600 metr beýikliginde ýaryldy.

Uçar Atom bombasyny atandan soñra 155 dereje bilen çalt yza döndi. Ýöne Atom bombasynyñ radiasiýasy uçary gazaply silkedi. Uçary sürüji Paul Tibbets bu silkinmegi Ýaponlaryñ harby çozuşydyr öýdüp «Uçar bar» diýip gygyrdy. Sagat 14:58 de uçar Tinian adasynyñ meýdanyna gondy. General Karl Spaatz Paul Tibbetse hormatlap medal dakdy.

Bomba ýarylandan göni 1 minut soñra gaty gyzgyn ýylylyk, gaty uly yşyk, ýadro radiasiýa we basyş Elektromagnitly Pals emele geldi. Soñ Radioaktiw düşüş peýda boldy. Radioaktiw düşüş bomba ýarylandan 20 30 minut soñra emele geler. Bomba ýarylanda jaýlar muzeýler kitaphanalar kiçiräk binalar küle döndi. Agaçlar yerinden oýnady, daşdaky jaýlar gelýän uly tizlikli tozanyñ netijesinde pytrady.

Ýyldyrym ýadro yşygy ady berilen yşyk peýda boldy. Bu yşyga ýalañaç göz bilen seredilende 15-45 minut geçiji bolan körlüge sebäp bolýar. Bu yşykdan goranmak üçin kagyz hem ýetip biler. Bu yşygyñ öldürme güýji ýokdyr. Esasy howply bolan ýylylyk ýadro radiasiýasy bilen ýadro ýyldyrym yşygynyñ birlikde gelmegidir. 



Bu daşdaky ýaşaýjylar üçinem gaty howply bolup biler. Bu ýylylyk radiasiýasy yşyk tizliginde hasaplanýar. Ýylylyk radiasiýasynyñ ýarag güýjüne daýanýan dowamlylygy bardyr. Ýöne ýarylan ýerinden uzaklaşdykça güýji ýatyşýandyr. Bu radiasiýalary hiç bir zat durduryp bilmez näme bolsada ýakyp eretýändir. Bu güýç gaty uly ses bilen birleşip binalary köprüleri ýykýandyr. Ýykýandyr diýýäs sebäbi bu radiasiýa uly pytratma ýok etme güýjüne eýedir. 

Elektromagnitly Pals bolsa bar bolan enjamlary bozup, islenmeýän signal çykaryp maddy zepere sebäp bolýar. Iñ esasy howplardan biri hasaplanýan serpikme radiasiýasy bardyr. Başgada Atom bombasy atylanda galyjy we yzarlaýjy kesele sebäp bolýar. Nagasaki we Hiroşima atylan Atom bombalaryñ her biri 20 tondadyr. Atom bombasy gaty erbet kesele sebäp bolýandyr bu keseliñ yzarlaýjylygy sebäpli Ýaponiýada şuwagtam maýyp çagalar dogýandyr.



Nagasaki we Hiroşima şäherlerinde adamlar ýaşamasada şuwagt her hili ýurtlardan turistler zyýarat etmäne gelýärler. Atom bombasy ýarylanda sagatda 750 km tizlikli ýel, bombanyñ düşen ýerinden 3 km uzaklykda näme bar bolsa kül eder we janly näme bar bolsa öldürer. Ýarylan ýeriñ merkezinden 3-5 km ýeliñ tizligi sagatda 450 km bolar. Köprüler öýler ýer bilen bir bolar.

Bu territorýadaky adamlaryñ derisi endamyndan sypyp ýanyp ölerler. Merkezden 5-7 km uzaklykda ýeliñ tizligi sagatda 260 km bolar we ölümçil güýje çykar. Merkezden 7-12 km uzaklykda ýeliñ tizligi sagatda 50-55 km bolar. Bu täsirde telefon simleri gopar we adamlaryñ endamlarynda ikinji derejede ýangyn peýda bolar. Adamlar ýarylmagyñ we radyoaktiw serpikmäniñ netijesinde kör bolar. Bu bombanyñ netijesinde köp çaga genetiki näsazlyklar bilen dogandyr.



Bu bomba Amerikanyñ Ýaponiýa garşy taşlamagyndan başga şuwagta çenli bir ýurda garşy ulanylanok. Başgada köp ýerde barlag üçin ulanylandyr. Şuwagt köp ýurtda Atom bombasy bardyr. Atom bombasyndan güýçli ýene 2 bomba bar. Wodorod bombasy (Hydrogen bomb) we Çar bombasy (Царь бомба), (Tzar bomb). Şuwagt Dünýäniñ iñ howply we iñ uly bombasy Çar bombasy kabul edildi. Köp kişi iñ uly bomba Atom bombasydyr öýtýär ýöne ondan uly ýene 2 sany bar. Kim bilýär wagtyñ geçmegi bilen ýene mundan beter bombalaryñ ýasalmagam ahmal. Bu ýazgyda size diñe Atom bombasy barada gürrüñ berdim intek Atom bombanyñ ýarylmagy şeýle howply eýleki bombalary göz öñüne getirmegem kyn.

Eger 3 nji Jahan urşu başlaýsa Amerika ýaly ýurtlar Atom bombasyny ýada Ýadro ýarag ulanmagy ahmal. Onda näme üçin garşydaşy ulanmasyn. Olam bir bombany Amerikanyñ üstüne atar ýene birini we ýene birini. Boldy ýer ýüzi küle döner. 3 nji Jahan urşy barada aýratyn gürrüñ beren ýazgymy okap bilersiñiz.

Ýöne intekler Jahan urşy başlamaz sebäbi bir ýurt çala goh açsa başga ýurtlar köşeşdirjek bolýar bu temada NATO hem uly işler alyp barýar.

Täzelikler, Black Wolf tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir