1945-nji ýylda Gitler hökümetiniň idealogy Jozef Gebbels öz janyna kast edýär.Taryh muňa meňzeş aňa täsir edýän adamy başga hiç wagt görmedi.Gitler nemis halkyny boýun egdirmek we tabyn etmek meselesinde Gebblesden karzdar diýsegem,bärden gaýtdygymyz bolar.

Gebbels tejribeli ministir,dilewar adam bolup,Gitler beýikliginiň esasçylaryndan we faşizimiň sütünlerinden-di.

Gebbels "ramka salmak" nazariýetini oýlap tapýar.Bu şeýle bir nazariýet bolup,munda halk "saýlaýan,ygtyýar edýän"-diýip oýlaýar.Aslynda welin saýlamaýar,belki hökümediň islänini saýlaýar."Ramka salmak" nazarýetini düşündürmek üçin syýasatçylar,aşakdaky mysallary ulanýarlar.

"Bir dostuň öýüne bardyň.Ol senden:"Çaý içermiň ýa-da kofemi?"-diýip soraýar.Bu bilen ol seniň aňyňdan başga zatlary çykaryp taşlap,seni şu iki predmetden birini saýlamaga mejbur edýär.Bu bilen ol seniň pikriňi ramka salýar."

Ýene bir mysal: Bir ene çagasyndan soraýar: "Oglum!Bugun sagat ýedi-de uklajakmy ýa-da dokuzda?" Elbetde çaga dokuzy saýlaýar.Ol enesi bilen bolan gepleşikde ýeňiş gazandym diýip oýlaýar.Aslynda welin,enesi onuň dokuzda uklamagyny isleýärdi we ol islegine ýetýär.

Bugun "ramka salmak" nazarýetini uly döwletler ulanýar.Amerikada 11-nji sentýabr wakasyndan soň prezident Jorj Buş çykyş edip,äleme jar saldy:"Bugun ýa biz bilen bolarsyňyz ýa-da terror bilen!" "Ramka salmak" nazaryýeti sebäpli Amerika haýsy bir döwlete garşy uruşsa,şol döwlet terror döwlet diýip düşünilýän boldy.Bütün dünýä şunuň bilen ylalaşmaga mejbur.Hat-da bitarap bolmagam mümkün däl.Olaryň düşünjesinde Amerika bilen bile bolmasaň,diýmek,sen oňa garşy.


Gebbelsiň meşhur sözlerinden.

1.Maňa wyždansyz maglumat agentliklerini ber,men saňa eşek ýaly halky bereýin.

2.Başgalar seniň gepiňi tassyklamaklary üçin,ýalan gürle.

3. "Medeniýetli", "düşünjeli" diýen sözleri eşitsem,ýaraga ýapyşasym gelýär.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir