Ozaldan dünýäniň ýasalşy şeýle.
Bir adam – ullakan, bir adam – kiçi.
Kiçi kişi ullakan saýar,
Özün kiçi saýar ullakan kişi.
Hawa, şo sebäplem ullakan kişi
Kiçiň günäsinem götär boýnuna.
Kiçijikler bolsa uly kişileň
Ýalňyşyn hasaplar ömür boýuna.

Özüň kiçi bolsaň – uly boljak bol,
Özüň uly bolsaň – kiçi boljak bol.
«Sen keçe!» diýseler – haly boljak bol,
«Sen haly!» diýseler – keçe boljak bol.
«Sen köçe!» diýseler – ýoda ýaly bol,
«Sen ýoda!» diýseler – köçe boljak bol.
Hem-ä öz ýaşyňdan
Uly ýaly bol,
Hemem deň-duşuňdan
Kiçi boljak bol.

Özüň serdar bolsaň – daýhan boljak bol,
Özüň daýhan bolsaň – serdar ýaly bol.
Gerek bolan güni – iliňe baş bol,
Soň ýene ýer depip, agdar ýaly bol.
Öz gysga ýoluňy, ýalňyz ömrüňi
Şeýdip ýaşagyn sen, şeýdip ötgün sen.
– Baý-baý, adam bolmak kyn zat eken-ow!
– Ýogsa aňsat zatdyr öýdüpmidiň sen?

Edebiýat, Razymy? tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir