Ne-hã eshik bardy, ne-de bir çõrek,
Ne-de gidenlerden bilerdik derek.
Sõyüshmãge yürek gerekdi, yürek,
Meniñ yigit wagtym, Seniñ gyz wagtyñ.
Shonda-da kãteler bãlçirãp içgin,
Diyerdik:"Sõyüshmek hemme wagt mümkin.
Õylenmek-gerek zat kõpelmek üçin,
Urshuñ gazap wagty, Adam az wagty!"....
Bir yylap degmandi lebiñe lebim,
Diñe gatyshypdy demiñe demim.
Soñ bir gün bozuldy beyle edebim,
Meniñ Jeyhun wagtym, Seniñ yaz wagtyñ.
Bushlap yeñish bilen gutaran urshy,
Aldygyma yüwürdüm õyñüze garshy.
Bushlugmy lebiñden üzüldim yagshy,
Meniñ yigit wagtym, Seniñ gyz wagtyñ.....
Urush yeñish bilen boldy-da tamam,
Iñ ilkinji soldat dolandy aman.
Sholdy ilki posa ilki bahanam,
Meniñ yigit wagtym, Seniñ gyz wagtyñ.....
Sagymyz-deryady, çepimiz gaçy,
Toraññyñ sayasy.
Awgustyñ 3-i.
Birden dolup gitdi gujagmyn içi,
Meniñ bürgüt wagtym, Seniñ gaz wagtyñ.
Gijeler adyñy edip shygra,
Gündüzler õzüñi basardym bagra.
Emma arzuwlarmyz barmady ugra,
Meniñ yigit wagtym, Seniñ gyz wagtyñ.
Kerim Gurbannepesow "Yashlyk Dramasy"'na gosulmadyk bentler
-
LadaKalina.
3 years ago
- @ledi minetdar
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- +++++
-
LadaKalina.
3 years ago
- @men ve sen sps
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- @LadaKalina.
nez:)
-
Zalymm
3 years ago
- +++ sagbol paylashanyña.
-
LadaKalina.
3 years ago
- @zalymm minnetdar
-
Zalymm
3 years ago
- Shu setirler name ucin goshulmadyka???
@pegas
-
Dogrudawalla
3 years ago
- Gaty gowy+++++
-
LadaKalina.
3 years ago
- @dogrydawalla minnetdar
Нежная леди 3 years ago- ++++++