Ýesir bolup munda gelip,
Jandan doýan ýaly boldum.
Ýagşy meýlisden aýrylyp,
Göýä çopan ýaly boldum.

Garyplyk aldy kuwwaty,
Çeker boldum muşakgaty.
Ýüz-müň gaýgy-garamaty,
Başa goýan ýaly boldum.

Taşlap geldik ol mekany,
Jebre saldyk şirin jany.
Pähm edip peýda, zyýany,
Indi duýan ýaly boldum.

Howp aldy aklyň öýüni,
Aldyrdyk iliň ýerini.
Indi watanyň şükrüni,
Ýagşy bilen ýaly boldum.

Görmedim köňül çagyny,
Aldyrdym ýürek ýagyny.
Çekip watanyň dagyny,
Oda köýen ýaly boldum.

Ötdi aýralyk yzasy,
Gaçdy Hywanyň mazasy.
Göýä bir otly lybasy,
Egne geýenýaly boldum.

Näler gördük zalym handan,
Aýyrdy eziz watandan.
Zelili diýer, şu mekandan,
Göýä doýan ýaly boldum.

Bilim, Нежная леди tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir