Natsist Germaniýasynyň ýolbaşçysy Adolf Gitleriň "Barbarossa" harby meýilnamasy №21 buýruk esasynda taýýarlanýar.Bu harby meýilnama Germaniýa patyşasy we Mukaddes Rim imperiýasynyň imperatory "Barbarossa" lakamly nemis hökümdary Fridrih I Ştaufeniň ady bilen baglanşyklydyr.Barborossa meýilnamasyny amala aşyrmak bilen Gitler,Sowet Soýuzyny basyp almagy maksat edinýär.Bu meýilnama 1940-njy ýylyň dekabryndan 1941-nji ýylyň iýun aýyna çenli taýýarlanýar.

Barborossa meýilnamasy Gitleriň birbada iki frontda uruş alyp barmagy netijesinde,ahyrsoňy,uruşda ýeňlişe sezewar edilmegi bilen tamamlanan meýilnama hökmünde taryhda galýar. Gitler Barbarossa harby meýilnamasyny gazaply uruş alyp barmak arkaly,Sowet Soýuzuny gysga wagtda ýeňlişe sezewar etmegi göz öňünde tutýar,emma ol urşuň uzaga çekmegini hasaba almaýar.

"Nemis milli sotsýalist işçiler" partiýasynyň ýolbaşçysy bolan Gitleriň 1933-nji ýylda häkimiýet başyna gelmegi bilen,Germaniýanyň birinji jahan urşundandaky ýeňlişden gazaba münen Gitler,ar almak usulunda herekete başlaýar.1930-njy ýylyň ortalaryndan başlap Germaniýada Sowet Soýuzy bilen boljak urşuň gutulgusyzdygyny hiç kim inkär edip bilenokdy.1939-njy ýylda Gitler gündogardardaky howpuň öňüni almak we Polşa çozup girmek maksady bilen, şol ýylyň awgust aýynda,hüjüm etmezlik baradaky şertnama gol çekýär.

Bu şertnamadan gözlenen maksat Germaniýa günbatara göz dikmeginde-di.1939-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Germaniýa we 17-nji sentýabrda Sowet Soýuzy Polşa çozup girdi we günbatar Ukraýina we günbatar Belarussiýany basyp aldy.Netijede Germaniýa we Sowet Soýuzy ortasynda araçäk bellenildi.Bu wakalar Polşa döwletiniň bölünmegine we garaşsyzlygyny ýitirmegine sebäp boldy.

Harby taryhçy Ýuriý Knutow "Gitler Sowet Soýuzyna hüjüm etmegi ozaldan,häkimiýet başyna gelmezden öň meýilleşdirip goýan we bu onuň "Meniň yörüşüm" kitabynda hem şöhlelenen"-diýen pikiri orta atdy.1938-nji ýyldaky Mýunhen şertnamasyndan soňra Gitler Germaniýa güýjüni Sowet Soýuzuna gönükdirmek islegi netijesinde Çehoslowakiýany basyp aldy.

Çehoslowakiýanyň basyp alynmagy bolsa Germaniýanyň senagatyny we harby güýjüni artdyrmagyna mümkünçilik berdi.1940-njy ýylda Germaniýa günbatardaky birnäçe döwletleri:Daniýa,Norwegiýa,Belgiýa,Niderlandiýa,Fransiýa we Lýuksenburgy basyp aldy.Beýik Britaniýany bolsa,basyp almaga howlukmady.Nemis taryhçysy Erih fon Manşteýn: "Gitler Beýik Britaniýany basyp almaga däl,tersine,bar ünsüni gündogary eýelemäge gönükdiren"-diýen pikiri öňe sürýär.Gündogar nemis milletine degişli bolmadyk halklar üçin,sürgün mekany bolmalydy.

1940-njy ýylda Gitler bir wagtyň özünde iňlislere hem ruslara garşy söweş alyp barmak kararyna gelýär.21-nji iýulda Germaniýa gury ýer goşunlarynyň generaly Gitlerden Sowet Soýuzuna garşy uruş alyp barmagyň meýilnamasyny düzmeklik baradaky tapşyrygyny alýar.General feldmarşal Walter fon Brauhiç wermaht SSSR-e garşy uruş meýilnamasyny 1940-njy ýylyň ahyryna çenli taýýarlamagy wada berýär.

1940-njy ýylyň awgust aýyna gelip,Gitler nemis goşunlaryny gündogarda Sowet Soýuzynyň serhetlerinde toplamak bilen bagly "Autbau Ost" meýilnamasyny durmuşa ornaşdyrmaga başlaýar.

1940-njy ýylyň sentýabr aýynda,Gitler Sowet Soýuzyna garşy söweş meýilnamasyny taýýarlamagy general leýtanant PauLýosa tabşyrýar.Paulýos Stalingrad söweşlerinde ilkinji bolup ýesir alynan feldmarşaly hökmünde taryhda galýar.1940-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Gitleriň Sowet Soýuzuna garşy "Barbarossa meýilnamasy" tassyklaýar.

Barborossa meýilnamasyna taýýarlyk görülýän wagtda,Germaniýa mümkün boldugyndan Sowet Soýuzuna "ruslar bilen uruş etmezlik" şygaryna ynandyrmaga hereket edýärdi.Sowet Soýuzy bilen dürli görnüşli şertnamalara gol çekişýärdi we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça işleri alyp barýardy.Gebbels öz gündeliginde: "Fýurer Sowetlere garşy urşy ökdelik bilen gizläpdi we bu akyla sygmaz derejede üstünlikli amala aşyryldy"-diýip ýazýar.Aslynda hem şeýlemidi?

1940-njy ýylda Moskwa Tokiodaky jansyzyndan Gitler duýdansyz ýagdaýda Sowet Soýuzuna garşy uruş başlajakdygy hakyndaky habary alýar,emma Stalin öz jansyzy tarapyndan ugradylan radiogramma biperwaýlyk bilen garaýar.Staliniň pikrine görä,1939-njy ýylda gol çekililen gizlin şertleşigiň barlygy iki döwlet arasynda uruş döremezliginiň kepilligidi.

Aradan köp wagt geçmezden Tokiodan SSSR-iň "Ramzaý" gizlin kody bilen atlandyrylýan ýene bir jansyzy Rihard Zorgedan nemis goşunlarynyň Britaniýa çozup girmekligi aslynda ýalandygy,nemisler nemis-sowet serhedinde özleriniň 80 diwizýasyny toplaýanlygy we uruş Harkow-Leningrad-Moskwa ugurlarynda alyp baryljakdygy baradaky esasly maglumatlara bil baglap, radiogramma ugradýar.

Stalin bu habara hem uruş etmezlik baradaky fakta,öz ynamyna daýanyp uly ýalňyşlyga ýol berenligi soň mälim bolýar.Rihart Zorge bolsa öz maglumatlaryny Germaniýanyň Ýaponiýadaky ilçisi Ottdan we başga ýokary wezipeli nemis harbylaryndan alýanlygy hem Stalinyň öz pikrini üýtgetmegine ýeterlik bolmaýar.

Gitleriň gündogara yörüşi bolsa "blitskrig-ýyldyrym çaltlygyndaky uruş" strategiýasyna esaslanypdy.Reýh öz urşuny Gyzyl goşunyň güýçlerini ýyldyrym çaltlygynda uruş alyp barmak arkaly ýeňlişe sezewar etmek isleýärdi.Su sebäpli, 1940-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Gitller SSSR-e garşy uruş etmek üçin Barbarossa meýilnamasyny tassyklaýar.

Sowet Soýuzyna garşy bolmaly urşuň meýilnamasyny hat-da,Wermahtyň şahsy goşun düzümine hem mälim etmezlige karar edilýär.Nemis esgerlerine gündogara ýörüşi barasynda "dynç almaga ýa-da Britaniýa garşy söweş alyp barmak üçiň,güýç toplamak gerek"-diýen manyda düşündirilýär.Germaniýa gündogarda öz goşununy toplaýan wagtda,Sowet Soýuzyna bu meýilnama esasan Britaniýanyň Balkan ýarym adasyndaky hereketlerine garşy taýýarlykdan başga zat däldigi barasynda maglumatlar berilýär.Germaniýa bolsa Beýik Britaniýanyň geografik kartsyny çap etdirýär.Emma rus taryhçysy Knutowyň aýtmagyna görä,sowet razwetkasyny aldamga,Gitleriň başarnygy ýetmeýär.

Nemisler SSSR-e garşy uruş alyp barmagyň 10-dan gowrak meýilnamasyny taýýarlaýarlar.Muňa garamazdan,bu meýilnamalaryň hiç birinde,nemisleriň meýilnamasy amala aşmadyk ýagdaýynda,nähili hereket etmek baradaky "B" meýilnamasy taýýarlanmazdan galýar.Gitleriň meýilnamasyna göra,nemis goşunlary Leningrad,Moskwa we Kiýew ugurlarynda hereket etmeli we nemis tank goşunlary, Gyzyl goşunyň güýlçerini bölüp taşlap,Dnepr we Diwina derýasyndan günbatar güýçlerini tutuşlugyna ýegsan edip taşlamalydy.1941-nji ýylyň iýun aýynda,Gitler Sowet Soýuzy araçäginde 4 million esgerini we 19 sany tank diwiziýasyny jemleýär.Bularyň hemmesi Germaniýa gysga wagtda Sowet Soýuzyny basyp almaga mümkünçilik bermelidi.

Rus taryhçysy Knutowyň ýazmagyna görä,Sowet Soýuzy Moldowa we Ukrainada urşa garşy gowy taýýarlyk gören bolsa-da,hüjüm edil Belarussiýadan başlanjagyna ynam etmedik we netijede,ruslar gaty köp ýitgilere sezewar bolýar.Knutow:"Urşuň başlangyç pursatlarynda,Halhin,Gol,Finlandiýa uruşlarynda taplanan,tejribeli esgerler netijeli usulda gitlerçilere garşy uruş alyp baran"-diýen pikiri öňe sürdi.

"Rossiýa Ylymlar Akedemiýasy" agzasy Andreý Koşkiniň ýazmagyna görä:"Gitler 1941-nji ýylyň iýul aýynda,ruslary uzagy bilen 6 hepdäň dowamynda ýeňlişe sezewar etmage niýetlenýär,emma uşuň başky 1-2 hepdesinde nemis goşunlary hiç bir ýerde beýle garşylyga duş gelmänligini" ýazma görnüşde resmi Berline ugradýar.

1941-nji ýylyň awgustynda nemisler Leningradyň bosagasyna ýetip barýar we sentýabr aýynda Gitler bar güýjüni Sowet Soýuzuna garşy ibermekligi karar edýär.Günorta ugurda hereket edýän gitlerçi goşunlar Odessany basyp alýarlar.Krymy basyp almak boýunça ruslaryň ýiti garşylyklaryna duçar bolýarlar.Sebäbi,ruslar Krymyň dürli nokatlaryndan desançy goşunlaryň kömeginde gitlerçileriň hereketlerine böwet bolýarlar.

Barbarossa meýilnamasyna görä,nemisler awgust aýyna çenli Moskwa ýakynlaşmagy,oktýabrda Wolgany kesip geçip,noýabrda bolsa Kawkaz töwereklerini ele almalydy.Wehmaht bu wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirip bilmeýär.Bu bolsa urşuň ýene-de uzak wagt dowam etjekliginiň alamatydy.1942-nji ýyla gelip,nemis goşunlarynyň Moskwa tarap süýşmekleri togtap galýar we rus goşunlary garşylyklaýyn hüjümlere geçip başlaýarlar.1942-nji ýyldan "Barbarossa" meýilnamasyň şowsuz tamamlanýan döwri başlanýar.

Barbarossa meýilnamasynyň şowsuz tamamlanmagynda bir näçe kemçilikleri sebäp hökmünde görkezmek bolar.Ozaly bilen Gitler rus goşunlarynyň güýjüni we goşun ätiýaçlygyny hasaba almaýar.Ikinjiden,rus harby güýçleri ýokary jansyzlyk strategiýasyndan peýdalanyp nemislerden çaltrak hereket etmäni başarýar.Üçünjiden,rus ülkesiniň kartasyny bellemekde nemisleriň elinde anyk maglumalaryň ýoklugy(batgalyklar,suw geçitleri,tokaýlar)we ýene-de käbir kemçilikleriň ýüze çykmagy,nemis goşunlarynyň ýeňilmegine sebäp bolýar.

Internet maglumatlary esasynda:

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir