Garrap tapdan düşen bir goja oglunyň öýüne göçüp barypdyr.Goja bu maşgala bilen bir saçakda oturyp naharlanyp ugraýar,ýöne unuň gözleriniň kütekligi, titreýän elleri, naharlanýan wagty kyn ýagdaýa salýardy.Elindäki çemçesini ýa-da süýtli bulguryny dogry saklap bilmän, saçagy hapalaýardy.Gojanyň bu düşen haly ogluna we gelnine ýaramaýardy.Ahyry ogly:
-Biz ahyr bir zatlar etmel-ä boljak-diýýär.Men indi onuň ala-takyrdy bolup nahar iýşindenem, saçaga nahar döküp hapalaýyşyndanam halys bezikdim.Är-aýal otagyň bir künjünde goja üçin, kiçijik stol goýmaly diýen karara gelýärler.Şeýlelikde, ol ýerde gojanyň ýeke özüni oturdyp, nahar berip ugraýarlar.Är-aýal bolsa, eden işlerini dogry hasaplap, öz stollarynda nahar edinýärler.Goja ozal iki gezek tabak döwensoň, oňa indi agaç okarada nahar äberýärler.Bäş ýaşly oglanjyk sesini çykarman, bolýan zatlary daşyndan synlap ýören eken.Bir gün oglanjyk atasynyň ýüzüne seredende,onuň gözlerine ýaş aýlanandygyny görüp gynanýar.Şol gün agşamlykdan öň, oglanjygyň kakasy oglunyň agaç bölejiklerinden bir zatlar ýasap oturandygyny görüp, oňa mähir bilen aýtýar:
-Oglum,sen näme ýasap otyrsyň?
Oglanjyk ynam bilen:
-Men kiçijik okara ýasaýan, ulalamsoň ene-atama şu okarajykda nahar äberjek-diýip,ýylgyrýa-da, ýene-de öz işine gümra bolýar.Bu sözler är-aýaly şeýle bir alasarmyk ýagdaýa salýar welin, olar biri-biriniň ýüzüne seredişip, doňňara daşa dönýärler.Hemme zada düşünen är-aýalyň ýaňagyndan gözýaşlar syrygyp gaýtýar.Olar assyrynlyk bilen gojanyň elinden tutup, edep bilen maşgala stolunyň başyna geçirýärler.Şondan soňra hemişe bilelikde naharlanyp ugraýarlar.Näme üçindir,indi çarşak gaçsa-da, süýt dökülse-de ýa-da saçak hapalansa-da är-aýal hiç-hili ünjä galmaýardy.

Edebiýat, Нежная леди tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir