Dagdan ynam bilen düshdüm yzyna,
Dash dek ykraryma õmürlik uyyan.
Iller nãme diyse diyibersinler,
Meniñki shol bir sõz:-Men seni sõyyân.

Sõymek hem sõyülmek yüregiñ derdi,
Hersi bolup biler bu juwanlykda.
Kimmishin ol meni sõyeñok diyip,
Seni ayyplajak biwepalykda.

Yõne rastyñ diymân gizlenseñ eger,
Gutylyp bilersiñ, ôñünden duyyan.
Diyern men saña bir yerden jyklap,
Meniñki shol bir sõz:-Men seni sõyyãn.

Garañky gijeler azashsañ yalñyz,
Menem gara gijâ tutup yüzümi.
Duydurman õñüñden çykaryn birden,
Hemem gaytalaryn shol bir sõzümi.

Meni sõyseñ iki yürek birleship,
Bir yürek boljagyn õñûnden duyyan.
Eger-de sõymeseñ...
Sõymeseñ sõyme
Meniñki shol bir sõz:-Men seni sõyyãn.

Halyl Kulyyew

Edebiýat, LadaKalina. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir