Iki jora imoda ýazyşýar.
-Haýwan.
-Kim?
-Söýgülim.
-Näme etdi?
-Ikilik etdi.
-Goýsana.Haýsy biri?Begençmi,Nurymy,Batyrmy?
-Begenç.
-Haram ölmüş.Bularyň bary şeýle özi.

Bir garryja daýza bazarda oturup käşir satýar.Oňa-da her hepde biri 20 manat puluny berip käşirini alman geçýär.Bu görnüş 4-5 hepde dowam edenden soň ol adam ýene bir gezek puluny töläp,käşirini alman geçiberjek bolanda,daýza ony saklaýar.
Ol adam daýza garap:" Daýzajan, siz meniň her hepde şeýdip geçýänimiň sebäbini biljek bolýaňyzmy"-diýende daýza:"Sebäbiňi başyma ýapaýynmy?Käşir 25 manat boldy"-diýýär.

Ependi köp etažly öýüň 12-nji etažyna göçüp gelipdir.Bir gün öýüniň balkonynda çilip çekip duran mahaly,aşakdan bir ses gelýär.
Aşak setetse nätanyş adam:
"Agam gaýrat edip aşak düşüň,möhüm gepim bar"-diýýär.
Lift işlänok eken.Ependi aşak düşse nätanyş adam.
"Agam,Ahmet agaň öýi niredeý"-diýip soraýar.
Ependi:"Yzyma düş görkezeýin"-diýýär.
Olar tirkeşip 12-nji etaža çynkandan soň Ependi:"Han ogul!Ahmet agaň öýi birinji etažda"-diýýär.

18 ýaşly ogly bilen atasy gürleşip otyr.
-Eý oglum,biziň döwrümizde-de instagram,imo,facebook,internet çatlar bolýardy.
-Nädip?!
-Köçedäki diwara çyrşap gidäýseň,ertesi gün töweregi teswirden dolýardy.

Lukmançylyk inistitutynyň professory talyplara sorag berýär.
-Haýsy organlarda muguthorlar köp duş gelýär?
Talyp jogap berýär.
-Döwlet organlarynda.

Sawçylar:
-Oglumyzyň bir aýby bar.Sakawlaýar.
Gyzyň ejesi:
-Hemişemi?
Sawçylar:
-Ýok,diňe gürlän mahaly.

Bir alkaş barmeniň ýanyna baryp:"Maňa 100 gram arak guý,oturanlara-da guý,özüňem 100 gram iç"-diýýär.Içýärler.Alkaş turup gidiberjek bolanda barmen:"Puluny töläp gitjek dälmi"-diýýär.Alkaş:"Özüňem içdiňä"-diýse,barmeniň gahary gelip alkaşy suwa salma ýenjýär.
Ertesi gün alkaş ýene barmeniň ýanyna baryp:"Maňa 100 gram arak guý,oturanlara-da guý"-diýýär.
Barmen gülüp:"Maňada 100 gram guýdurjak dälmi"-diýse.
Alkaş:"Ýok,sen içseň uruş tapýan ekeniň"-diýýär.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir