Obadaş gyz şu haty saňa ýollap
 Agyr jebre dözenimi bagyşla
 Söýer söýer diýip göwnümi allap
Şunça ýyllap gezenimi bagyşla
 Bir klasda bir partada oturyp
 Sözlejek sözümiň eýin ýetirip
 Ýöne aýdyp bilmän özüm ýitirip
 Kä gyzyp kä sowanymy bagyşla
 Okuwdan gaýdamyzda bileje
 Oba ýoly günortanlar çolaja
 Käte senden yza galyp çalaja
 Käte bolsa ozanymy bagyşla
 Gapdalyňda garrap giden çynaryň
Ýüzlendim neme jan bolaýyn ýaryň
Ýok ýok diýeniňde ýitirip ugrum
 Gözlerimi süzenimi bagyşla
 Dost dogan saýypsyň söýmän ekeniň
A men haýwan muny bilmän ekenim
 Gazanym tüssede gaýnan ekeni
 Tutaşmadyk sözenimi bagyşla
 Söýgiň wuzyny seň bilen başlap
 Diplomy aljakdym gittiňle taşlap
 Her setirde gözlerimi ýaşlap
 Harplary ezenimi bagyşla
 Toý güni Maýsa bilen Ylýasyň
Söýşüp durmuş tutanyny hä bilýänsiň
Gyzlardan saýlanyp çekmäge ünsüm
 Gowy geýnip bezeneniňi bagyşla
 Içip içip çakyryny üzümiň
Syrmak üçin tuwagyny ýüzümiň
Pattyk suttuk sözlän söygi sözümiň
Gysgasyny uzynyny bagyşla
 Bir görsek garrandyrys öňkilik ýokdur
 Başy garly dag dek saçymyz akdyr
 Ynsanlyk ömründe bu da bir çakdyr
 Saçlara çal çozanyny bagyşla
 Söýenem geçer söýmedigem geçer
 Durmuş durmaz bizden arany açar
 Başarsaň baryny aklyňdan öçür
 Gaýta şu goşgyny ýazanymy bagyşla
 
                    
Sada... 4 years ago- Mmbeh.