Eje, guş deý uçup gitsem-de ir-giç
 Ganat ýaýyp gelerin seň ýanyňa.
 Hem gaşyňda ýüzüm sallar otyryn
 Düşünmän nämüçin aglaýanyňa.
 Bolmalysy şeýledir-dä, ejemiz
 Ekläp-saklap, ýaňy sana goşanda,
 Gitmek bilen boluberýäs, diýýäs-de:
 "Eje, men-ä ugramakçy, hoş, onda".
 Eglenjekdim entek seniň ýanyňda
 Kiselem aşykly, jübim şänikli.
 Sen pikirem eden dälsiň ogluňa
 Başga biri bolar öýdüp şärikli.
 Ýöne nirde bolsam-da men, şu mekan
 Hem mydam seň mährem keşbiň küýseler.
 Emma, eje, aglamagyn, iru-giç
 Iller: "Indi ol biziňki" diýseler...
Ejeme ( Avtory Atajan Annaberdiýew)
- 
                LadaKalina.
                4 years ago
                
- maryn nirsindenay agam siz
- 
                Beyaz gölge
                4 years ago
                
- Garagum etrap
- 
                Beyaz gölge
                4 years ago
                
- Yagty yol şaherçe
- 
                LadaKalina.
                4 years ago
                
- hmm.bolyalay sakarcageden adam yok oytyan menden basga
 
                    
LadaKalina. 4 years ago- ++_++