Yrakda hökümet tarapyndan tassyklanan 2021-nji ýylyň býujetine görä, ministrleriň, parlament agzalarynyň we pudaklaýyn döwlet dolandyryş edaralaryndaky baş müdirleriň aýlyk haklaryndan 40 göterim salgyt alnar.

Premýer-ministr Mustafa al-Kazeminiň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Geňeşi 2021-nji ýylyň býujetini tassyklady we ses bermeklik üçin Mejlise iberdi. Bu býujete laýyklykda ministrleriň, deputatlaryň we pudaklaýyn döwlet dolandyryş edaralaryndaky baş müdirleriň aýlyk haklaryndan 40 göterim salgyt alnar.
Yragyň Ministrler Geňeşinde tassyklanan 2021-nji ýylyň döwlet býujetinde ýurduň Kürt sebitiniň hökümetine hem 12,67 göterim salgyt paý berildi.
Yragyň Ministrler Geňeşi tarapyndan tassyklanan döwlet býujetine ýakyn günlerde Mejlisde ses berler.

Çeşmesi: Turkmenportal websahypasy. 22.12.2020,17:49

Täzelikler, Ýolagçy. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir