Wepalylyga düşünje.
Ir bilen turup, ýuwunyp-ardynyp, eşiklerimi geýip işe ugrapdym. Adaty iş günümdi. Işe gelip, işdeşlerim bilen saglyk amanlyk soraşdym. Hemmeler işlerine başlady. Ara arkaýynlyk düşeninde bir egindeş oglan:
-Wah, öýümde bir güjüjegim bardy. Gowja görýärdim, garrapdyda. Agşam jan berip, gatap galaýypdyr. Ony mellegimizde adam jaýlanyşy ýaly hormatlap jaýladym. Heh, şeýle kijijegem bolsa, meni jany-teninden beter gorap saklaýardy. Gürji diýmäge dözmeýärdim-diýip gynanjyny bildirip zeýrendi. Şonda beýleki işdeşim:
-Güjügiňä namart eken!?-diýip hmlap göwün ýetmezçilik edip güldi. Men hem gyzyklanyp:
-Ol nämçün beýle diýýäň!? Namart bolsa eýesi gynanyp "haýsyda bolsa bir güjigiň ölümini adamlaryň arasynda paýlaşyp, gynanjyny bildirmezdi"-diýip geňirgenip soradym. Ol bolsa:
-Aýtmyşlaryna görä "gowy it-öleninde eýesi gynanmazýaly, uzaklara gidip jan berýär". Onda bu egindeşimiziň güjügi öýünde ölen bolsa, ine seredä, eýesi gynanyp otyr. Ol eýesini gynandyrmalydäldi.- diýip meni tankytlady. Men hem pikirlendimde:
-Bilip bolmaz, belkide güjük eýesine soňky demine çenli wepaly bolup goramak isländir. Seniň aýdýanyň hem jany bar, ýöne başga tarapdan seredip göreliň. Meselem: seniň wepaly ýoldaşyň seni taşlap gidip uzaklarda jan berenini gowy görersiňmi ýa-da soňky deme çenli seni gorap, seni goldap, ölümine çenli saňa wepaly bolanyny islärsiňmi!?-diýip soranymda ýaňky tankytçy işdeşimiz bu "Meseleme" jogap tapyp bilmedi. Emma şol güjüjegiň eýesi weli, gönüden-göni:
-Howwa, ol güjüjegim wepalydanam beter wepaly boldy.-diýip ýüzüni aşak saldy. Dogry bu bir ýönekeý güjük. Ýöne hereketleri... Şondan birnäçe gün soň, şol üçümiz bile iýip içenimizden soňra, ýaňky güjügüň eýesi, nahardan soňky töwüre, şol güjüjegiň adyny tutup oňa alkyş diläp, jaýy-jennedi arzuwlady. Bu bir-hili hem bolsa, dogry zady boýun alalayň "Käbir adam haýwanyň ekskrimentinden hem beter. A käbir adamlary bolsa, öz eje-kakalarymyzdan, dogan garyndaşlarymyzdan soň özümize golaý görýäris"

Soňy.

Awtor: IDEALLIDER

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir