Beý­ni bi­ziň her bir he­re­ke­ti­mi­ze gö­zeg­çi­lik ed­ýär. Uly ada­myň beý­ni­si­niň iki bö­lek­den yba­rat bo­lan daş­ky gör­nü­şi ho­zuň maň­zy­na meň­zeş bol­ýar. Beý­ni mag­lu­mat­la­ry gaý­ta­dan iş­le­ýär we her bir amal ed­ýän he­re­ke­ti­mi­zi kes­git­le­ýär. Beý­ni bi­ziň pi­kir­len­mek, gep­le­mek, he­re­ket et­mek, eşit­mek, el­le­mek, ys al­mak, bök­mek, ýat­la­mak, aç­ly­gy we agy­ry­ny duý­mak ýa­ly ukyp­la­ry­my­za gö­zeg­çi­lik ed­ýär. Beý­ni­ňiz­de tak­my­nan, 86 mil­liard neý­ron öý­jük­le­ri bar. Beý­ni örän pes elekt­rik to­gy ar­ka­ly be­de­niň äh­li ýe­ri­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ýar. Mu­ňa nerw ul­ga­my di­ýil­ýär.

Çep beý­ni, sag beý­ni
Ho­zy ça­kyp gör­se­ňiz onuň maň­zy­nyň iki bö­lek­den yba­rat­dy­gy­ny gö­rer­si­ňiz. Beý­ni hem edil şo­lar ýa­ly iki bö­lek­den yba­rat­dyr. Her bir bö­lek be­de­niň ýa­ry­sy­na gö­zeg­çi­lik ed­ýär. Beý­ni­niň çep ta­ra­py be­de­niň sag ta­ra­py­na, beý­ni­niň sag ta­ra­py be­de­niň çep ta­ra­py­na gö­zeg­çi­lik ed­ýär. Beýniniň çep bö­legi geplemäge, hasaplamaga we pi­kir­len­mä­ge ýar­dam ed­ýär, sag bö­legi bolsa, haý­sy­dyr bir za­dyň daş­ky şe­ki­li­ni kes­git­le­mä­ge, ola­ry ta­pa­wut­lan­dyr­ma­ga, aý­dym-saz öw­ren­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Şeý­le­lik­de, beý­ni umu­my be­den ag­za­sy bo­lup, örän saz­la­şyk­ly iş­le­ýär.

Bä­bek­ler çalt öw­ren­ýär­ler
Dün­ýä inen bä­bekler öm­rü­niň il­kin­ji 18 aýyn­da gör­mek, ys al­mak, eşit­mek, ta­gam duýmak ýa­ly duý­gu­la­ry ar­ka­ly daş-tö­we­re­gin­dä­ki dün­ýä­ni öw­ren­ýär­ler. Ça­ga bi­len gür­leş­ýän (olar jo­gap ber­me­se-de), na­har­la­ýan, oý­na­ýan adam onuň beý­ni­si­niň ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.
25 ýaş­dan soň­ra beý­ni ulalmaýar, em­ma kä­mil­leş­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär. Yn­sa­nyň özü­ni alyp bar­mak, çyl­şy­rym­ly pi­kir­len­mek we belli bir netijä gelmek ýa­ly ukyp­la­ry ösü­şi­ni do­wam et­dir­ýär. Okamak, sport bilen meşgullanmak, dil öw­ren­mek we dö­re­di­ji­lik çä­re­le­ri­ne gat­naş­mak ony güýç­len­dir­ýär. Adam tä­ze mag­lu­mat­la­ry we söz­le­riň ma­ny­la­ry­ny öw­ren­me­gi­ni 70 ýa­şy­na çen­li do­wam et­dir­ýär.
Neý­ron­lar ki­çi­jik elekt­rik im­puls­la­ry ar­ka­ly ara­gat­na­şyk sak­la­ýar. Bu­lar be­den­de uly to­ry eme­le ge­tir­ýär. Tä­ze bir sözi, sesi ýa-da başga bir za­dy öw­ren­mek üçin sy­na­ny­şa­ny­ňyz­da, bu to­ruň ös­me­gi­ne we has tä­sir­li bol­ma­gy­na kö­mek ed­ýär­si­ňiz. Ýal­ňyş­lyk goý­ber­mek hem öw­ren­mä­ge kö­mek edip bi­ler. Ýal­ňyş­lyk goý­be­re­ni­ňiz­de, beý­ni­ňiz onuň öňü­ni al­mak üçin has köp gö­reş­ýär, bu bol­sa şol to­ruň ber­ke­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar ýal­ňyş­lyk­la­ry ka­bul et­me­giň has köp sy­na­nyş­ma­ga ýar­dam ed­ýän­di­gi­ni ýü­ze çy­kar­dy.


cheshme: zamanturkmenistan

Tehnologiýa, Yzganttm tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir