Köp ugurly ýol üstünde enteler,
Göwünlere mekir-hile gelipdir.
Terezi gujaklan satar bendeler,
Ynamdyr, ynsapdan nola gelipdir.

Dostluk-doganlygyñ çäksiz gymmaty,
Kalbyna nur çaýyp, bezar ymmaty,
Ýowuz ýamanlygyñ syr-u-symmaty
Garalykda gara päle gelipdir.

Kim nur alyp göguñ gün-u-aýyndan,
Müñ-de bir razy ýeten paýyndan.
Daşa gitmän kanagatyñ jaýyndan,
Gark bolmadan dynyp, sala gelipdir.

Bir doñsa eremez köñül doñlary,
Añsatlykda gitmez töhmet çañlary,
Badak salnan ömür ahyrsoñlary
Arman ýükli agyr hala gelipdir.

Wepadarlyk galan wagty aýakdan,
Tapawudy bolmaz gury syýakdan.
Zyrrajym dälini aýan taýakdan,
Bimaza gelinler ýola gelipdir.

EL URAN AZALDY HALAL AŞYNA,
BÜKGÜLDILI KIŞI GARAR DAŞYNA,
TESSELLI GÖZLEÝIP GAMLY BAŞYNA,
GARA ÝOLLY ATYZ -- ÇILE GELIPDIR.

Gara Ýolly

Edebiýat, Umman tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir