Şahyrlar mydama dertli bolarmyş,
Iller aýdýan bolsa, bardyr oň janam.
Durmuş bir dem dertden paýsyz goýmady,
Şahyr bolmasa-da Batyr Hojanam.

Dertden ýaňa nalajakdym durmuşdan,
Emma beýtmäge-de bognum ysmady.
Iller için sowadaýýar günäläp,
Ýalançyny, maňlaýdaky kysmaty.

Wah, men derdiň islendigne çydajak,
Ýat adamdan gelse hiç däl mesele.
Ynam edip ýören ýakynlarymyz,
Wepa-ygraryndan hiç dänmeseler.

Köp kişini ýakyn saýyp aldandym,
Aldanyp erkimi berdim gümana.
Ynamsyzlyk derdimiň iň agyry,
Ol kalbymy büretdirdi dumana.

Aldanyp gümana gömülip galan,
Ynamym, ýatma-da, oýan basymjak.
Ýogsam sensiz dünýäleri garalan,
Duýgularmyň bary dardan asyljak.

Edebiýat, Brave12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir