Biziň herimiz özümizçe üýtgeşik, gaýtalanmaýan şahsyýetler. Käbirlerini adaty, asuda durmuş kanagatlandyrýan bolsa, köpler özüne başgaça garaýar. Olar özlerini «Ferrari» awtoulagynyň başynda göz öňüne getirýärler. Köp adamlar üçin baýlyk esasy zat däl. Olar üçin maşgala bagtyýarlygy ähli zatdan ileri.
Umuman hem, adamlar 17 ýaşda bir zada, 50 ýaşda başga bir zada ymtylýarlar. Siz haýsy ýaşdadygyňyza
garamazdan, nämäni maksat edinseňiz, şony hem gazanyp bilersiňiz. Men 60 ýaşly bir zenan bilen söhbetdeş bolanymda, ol durmuşynda ähli gyzykly hem manyly zatlaryň indi başlanýandygyny aýtdy. Telekeçilik işiniň şowlamagy we täze mümkinçilikleriň açylmagy, ruhy taýdan baýlaşmagy, syýahata gitmegi, beýik adamlar bilen gatnaşyklaryndan galan ýakymly ýatlamalary bularyň ählisi bagtly zenanyň
durmuşynyň parçalary. Haçan-da, adamda öz-özüne, durmuşa, alyp barýan işine söýgi bolsa, onda ýaş aýratynlygy üstünlik gazanmaga hiç hili täsir edenok. Geliň, ynsanlaryň dürli ulgamlarda gazanan üstünliklerine ünsi çekeliň. Tebigatyň kanunlary hemmeler üçin deň, adamlaryň nirede ýaşaýandygyna,
milletine, ýaşyna hem hiç zat bagly däl. Esasy zat maksat we düşünjelilik bilen saýlanan ýol. Durmuşyňyz— bu siziň öz döreden eseriňizdir, nähili ýaşamak isleýän bolsaňyz, ony şol tarapa ugrukdyryp bilersiňiz. «Bu şeýle aňsatmy?» diýmegiňiz mümkin. Hawa, görşüňiz ýaly, ýönekeý. Diňleýjiler bilen uzak wagtlap geçiren
söhbetdeşliklerim we sizden gelýän hatlar muny tassyklaýar. Meniň bir talybymyň aýtmagyna görä, täsinlik
durmuşyň kadasyna öwrülýär. Haçan-da, tebigy kanunlary ýerine ýetirip, özüň hem bu ajaýyp we biserhet dünýäniň saňa bagyş edýän iň gowy zatlaryna mynasypdygyňa düşünen günüň, ähli zatlar öz-özünden bolýar eken. Arada bir ajaýyp zenana minnetdarlyk hökmünde, onuň gowy görýän fransuz atyryny sowgat
etdim. Ol özüniň beýle sowgada mynasyp däldigini aýtdy. Men şondan soňra oňa her bir adamyň gowy zatlara mynasypdygy hakynda ýarym sagatlap sapak geçmeli boldum. Bu ýerde gürrüň, adamyň mertebesi, onuň öz-özüne bolan hormaty hakynda. Meniň size uly şatlyga, üstünlige eltýän ýol hakynda aýdasym gelýär. Sen bu ýoly geçeniňden soň birnäçe wagtdan soňra yzyňa öwrüleniňde, durmuşyňda uly bir zatlar
edendigiňe göz ýetirersiň. Öz durmuşyňy düýpgöter üýtgedip dogan-garyndaşlaryňy, dostlaryňy öz ýeten
derejäň bilen begendirmegi başardyň. Döwrümiziň beýik halypalaryndan meniň öwrenen bu ylmym ynsanyň ähli babatda üstünlik, şowlulyk gazanyp, bagtyýar ýaşamagy baradaky ylymdyr. Men geljekde-de şu sungata degişli bolan uly göwrümli eser ýazmak isleýärin. Gündogaryň paýhasly kanunynda şeýle diýilýär: «Hakykaty bilýän adam hiç haçan dawa etmez». Yhlas bilen öwrenýän şägirtlere saýlan ugurlarynda uly üstünlikler, eşretler garaşýar.

Edebiýat, Watanwaspy tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir