«Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleri yzygiderli geçirilýär. Goraghananyň çägindäki ýadygärliklerde ýakynda geçirilen gazuw-barlag işleriniň netijesinde taryhy tapyndylaryň uly topary ýüze çykaryldy ― diýip, «Daşoguz habarlary» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň bölüm başlygy, arheolog, taryh ylymlarynyň kandidaty Ejegül Muradowanyň ýolbaşçylygynda goraghananyň hünärmenleri Daşgala diýlip atlandyrylýan gadymy galanyň çägindäki Kerwensaraý ýadygärliginiň günorta tarapynda gazuw-barlag işleriniň nobatdaky ýazky tapgyryny geçirýärler. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde täze tapyndylaryň birnäçesi ýüze çykaryldy we olar goraghananyň ýörite gaznasyna tabşyryldy. Häzirki wagtda taryhy tapyndylary rejelemek, ylmy taýdan öwrenmek işleri alnyp barylýar.

Tapyndylaryň arasynda dürli döwürlere degişli gap-gaçlar, çüýşeler, teňňeler, toýundan ýasalan küýzeler we bürünçden ýasalan ördejigiň heýkeli bar.

Arheologik gazuw-agtaryşlar ýadygärlige «ikinji ömür» berýär, sebäbi ýüze çykarylan diwarlaryň galyndylaryny berkitmeli bolýar, desganyň yzlaryny dikeltmeli bolýar, tapyndylary bolsa arassalap, rejelenen görnüşinde muzeýleşdirilýär.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir