Sensiň seçgin hyrydarym,
Çyk ylhamym daşyna çyk .
Diýeýin dünýämde barym,
Çyk ylhamym daşyna çyk .

Joşuň kalbyň düşeginde,
Adyň aňyň üçeginde,
Nämişiň bar içerimde?
Çyk ylhamym daşyna çyk .

Agdarma aladam agdyk,
Bes ýylgyraý kän agladyk,
Syrdaşyň bolaýyn sadyk,
Çyk ylhamym daşyna çyk .

Gowy güler,soňky gülen,
Ýylgyraly soňky günem,
Eýäň eradasy bilen ,
Çyk ylhamym daşyna çyk .

Gerçeknazar Amannazarow .
Çeşme: gosgy.jimdofree.com

Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir