Winisius Messiniň rekordyny öz adyna geçirdi
Düýn oýnalan “El Klasikoda” “Real Madridiň” 1-nji goluny geçiren braziliýaly hüjümçi Winisisu Junior derbiniň täze rekordyny goýdy. Ol XXI asyrda “El Klasikoda” gol geçiren iň ýaş futbolçy boldy. Ol bu ugurda “barselonaly” Lionel Messiniň rekordyny täzelemegi başardy. 19 ýaşly Winisius (19 ýaş 233 gün) 26 günlük aratapawut bilen Messiniň (19 ýaş 259 gün) rekordyny öz adyna geçirdi. 2007-nji ýyldaky şol oýunda Lionel Messi het-trik edipdi.

Sport, 12 tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir