Yşk
Ýap boýuna suw almaga gelen gyz
Bendi etdiň meni azat eylegin!
Kararym ýokdyr munda durara
Diwana men,meni däli eýledin.

Yaňaklaryn misli bägülin taýy
Yüzleriň nurana “on dördüň” aýy,
Gulyň bolmanada indi men razy
Bägül özüň meni bagban eýlegin.

Misli jeren dag-derede oýnagan,
Guwa gaz sen yşk kölünde ýaýnagan,
Söýenim sen başga gyzy saylaman
Leylim sensiň meni Mežnun eýlegen.

Meni öz aşygyň,etsedin hasap
Salan bu derdiňe bilmerin çydap
Tarypyňa ýazdym ine bir kitap
Ylhamym sen meni Şahyr eýlegen.

Seni gözläp çykdym dagu-düzlere
Arzym aýtsam diňlemez ol beglere,
Haçan serederin ol jadyly gözlere
Arzuwym sen ony hasyl eýlegin

Begmuhammet özge taryp edermi
Dermanyn bermeseň derdim bitermi,
Aşyk bolup yşk ýolunda ötermi
Dertli boldum maňa derman eýlegin.

Edebiýat, Technoman tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir