UFS-nyň başlygy Deýn Uaýt Irlandiýaly Konor Makgregoryň indiki garşydaşynyň Russiýaly Habib Nurmagomedow boljakdygyny aýtdy. Bu barada funksioner UFS-246-dan soňky geçirilen pres-konferensiýada aýtdy. “Bu tutluşyk – gurnanyňa degýär!” diýip Uaýt belledi. UFS-246-dan öň hem gurnaýjy Makgregoryň we Nurmagomedowyň duşuşygy barada aýdypdy. Munuň üçin Makgregora 2018nji ýylyň güýzünden soňky ilkinji duşuşygynda amerikaly Donald Serrony ýeňmek zerurdy. 19-njy ýanwarda (18.01.2020) Makgregor Serrony 40 sekuntda nakaunda giderdi we öz karýerasyna 22-nji ýeňşini ýazdy.
2018-nji ýylyň oktýabrynda UFS-229-da Makgregor Nurmagomedowdan ýeňildi. Russiýaly türgen ýeňil agramda UFS-nyň çempionlyk titulyny saklady.
Makgregor – UFS-nyň öňki çempiony, guramanyň taryhynda ilkinji gezek iki agram derejesinde hem guşagyny saklandyr.
Çeşme: sportmail.ru

Sport, htkursant tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir