Milli Liderimiz zähmet rugsadynyň dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda maşgala agzalarynyň arasynda boldy.

Sportuň dürli görnüşleri, aýdym-saz sungaty, döredijilik işi bilen meşgullandy. “Watan” habarlar gepleşiginiň 4-nji awgustdaky göýberilşinde habar berilşi ýaly, dynç alyş pursatlarynyň birinde, Milli Liderimiz ses studiýasynda saz sungaty, aýdym-saz dünýäsiniň aýratynlyklary bilen meşgullanyp agtygy Kerimiň täze döreden saz eserini ýerine ýetirmekde sungat ulgamynda ulanylýan dürli usullardan peýdalandy.

Döwlet Baştutanymyz täze saz eseriniň belli bir parçasyny dürli saz gurallarynda ýerine ýetirip gördi. Kerimiň döreden täze sazy “Ýaşa Türkmenistan, bedew bady bilen diňe öňe” diýlip atlandyrylýar. Milli Liderimiz bu eserde dürli saz gurallarynyň owazlarynyň utgaşmagy bilen baglanşykly usullary ulanyp, saz eserini timarlady. “Ile döwlet geler bolsa”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, atly tutuş adamzat ähmiýetli eserlerini döreden Milli Liderimiziň saz sungatynyň ynsan ruhyna täsiri, onuň adamlary täze ýeňişlere ruhlandyrmak ýaly täsin güýji barada giňişleýin gürrüň berýär.

Milli Liderimiziň agtygy Kerim sazçylyk mekdebini tamamlap, saz sungaty boýunça diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem Türkmenistanyň çäklerinden daşarda meşhurlyk gazanan, Türkmenistanyň Halk artisti Orazgül Annamyradowadan tälim aldy. Kerim ýetginjeklik ýyllaryndan başlap saz sungaty bilen meşgullanyp, atasynyň göreldesine eýerip, saz sungatynda birnäçe eserleri döretdi. Halypa sazandanyň tälimini birkemsiz ele alan Kerim bu gün bolsa “Ýaşa Türkmenistan, bedew bady bilen diňe öňe” atly täze eserini döredip, ony ilki bilen atasyna diňletdi. Agtygynyň täze döreden saz eseriniň ilkinji diňleýjisi bolan, Döwlet Baştutanymyz Kerimiň sungat ýoluna guwandy.

Milli Liderimiz döwrebap sanly tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen ses studiýasynda bu eseri birnäçe ugurlar boýunça gaýtalap, oňa dürli öwüşgin çaýdy. Täze saz eserine mähriban halkymyzyň gazanýan üstünliklerini, bedew batly ösüşlerimizi, Garaşsyz, Bitarap watanymyzy wasp edýän goşgy setirlerini salyp diňledip gördi. Milli Liderimiz bu eser barada ýurdumuzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, kompoziterleriniň, ýazyjy, şahyrlaryň, aýdymçylaryň we sazandalaryň pikirleriniň wajyplygyna ünsi çekdi. Olar bu baradaky isleg arzuwlaryny, döredijilik tekliplerini mälim etseler, oňa mynasyp goşgy setirlerini taýýarlap, aýdymçylar ussatlyk bilen ýerine ýetirseler, Garaşsyzlyk baýramçylygymyza mynasyp sowgat boljakdygyny belledi. Şeýlelikde, hödürlenýän teklipler esasynda mynasyp goşgy setirleri bilen sazlaşygy emele getirmek arkaly döredilen aýdymyň ýerine ýetirijilik babatda, gowudan-gowusy seçilip alynar. Täze eseri döreden döredijilik işgäri bolsa, sylaga mynasyp bolar.

Täzelikler, Gyzykly tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir