2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda gojaman Hazaryň türkmen kenary hakyky toý keşbine girer. Ýurdumyzyň bu ajaýyp künjeginde ─ Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerindäki Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň we «Türkmen sährasy-2019» atly halkara awtosergisiniň geçiriler. Bu iri halkara çärelere dünýäniň dört künjeginden hususy we döwlet sektorlaryndan işewür adamlaryň gelmegine garaşylýar.
Öňden hem belleýşimiz ýaly, dünýäniň ençeme döwletlerinden Türkmen döwletiniň innowasiýa tehnologiýalar we ulag ulgamynda gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga isleg bildirýän iş adamlaryna, işewür hyzmatdaşlara bu sergilere gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdymyzyň «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde bu ägirt giň möçberli çärelere dünýäniň onlarça ýurtlaryndan ýüzlerçe kompaniýalar gatnaşyp, özleriniň hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny görkezerler.
Ýakynda ýagny, 2019-njy ýylyň iýul aýynyň 28-30-y aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki Türkiýäniň palatalar we biržalar birleşiginiň binasynda Baş Assambleýanyň nobatdaky, Ýerine ýetiriji komitetiň, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Söwda-senagat palatalarynyň ýöriteleşdirilen komitetleriniň Mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine YHG-syna agza ýurtlaryň Söwda-senagat palatalaryndan we Türkiýäniň hususy we döwlet sektorlaryndan wekiller gatnaşdylar. Türkmen tarapy Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylary we wekilleri «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagy hem-de 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda geçiriljek Birinji Hazar Ykdysady forumy, şeýle hem şu ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda geçiriljek Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi we «Türkmen sährasy-2019» atly halkara awtosergisi bilen tanyşdyrylyş dabarasyny gurady.
Mejlise gatnaşyjylar Hazar sebitine, esasan hem «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagyna uly gyzyklanma bildirdiler. Sebitde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde bu çäreleriň möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Bu forum we sergiler diňe bir Hazarýaka döwletleriniň däl, eýsem, ýakyndaky we uzakdaky daşary ýurtlaryň işewürleriniň arasynda ýakyn aragatnaşygy ýola goýmakda netijeli meýdança öwrüler.
Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň we «Türkmen sährasy-2019» atly halkara awtosergisiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we beýleki çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda Bolgariýanyň işewür toparlary bilen türkmen wekilleri tegelek stol görnüşli duşuşygy guramagyň mümkinçiliklerine seredýärler.

Täzelikler, TDUgulya tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir