Şäheriň köçeleri öz iş-aladalary bilen barýan adamlardan doly, kimsi awtobusa garaşyp dur, kimsi taksä, kimler bolsa pyýada barýar. Şol adamlaryň arasy bilen öýe howlugyp barýardym,birden hem……
Gapdalymdan ylgap, özime garşy gelýan boýym bilen deň iti görup aljyradym
Soňky dowurde hassahana it dişläp gelýan raýatlar  köpdi, Guduzlama keseli gaty gorkynç kesel bolansoň özüm-ä şu natanyş itlerden öler ýaly gorkýardym
Bu keseliň inkibasiýon döwrunde adama berýan howpy, ötuşen görnüşinde nasagyň ýagdaýy göz öňine getirenim duýman galdym we özime garşy ylgap gelýan itden sowulmak üçun gyra çekildim
Bu it goni geldi-de meniň ustume iki elini kelemenledip topylan ýaly edip,  boýym bilen boý bolyp durdy-da, maňada namede bolsa bir zatlar duýdyrýan ýaly jyňsady
Itiň gözleri naýynjar buldurap göz ýaşdan doludy, bu janawerden gorkyp duran halyma nireden bir ýerden gelen ýuregim gyýalma duýuldy we boýym bilen boýuny deňap durkam itiň kellesini sypaladym
Ol it meniň gapdalymdan jyňsap ýorap gaýtdy ,aralynda bolsa ol kellesini maňa sypalatdyrýardy
Ýuregim ejizlendi we gapdaldaky dukana sowulyp bulka satyn aldym we bu natanyş ite berdim
It howlukmaçlyk bilen bulkany iýip başlady
Men bolsa ýuwaşjadan ondan aramy açyp öýe garşy ýorap gaýtdym
Aradan bir hepdä golaý gun geçdi. Men ondan soň ol iti görmedim Her gezek oňa duşan ýerimde daş töweregime seredenimi duýman galýan
Gun geçip durdy, bu gun işde eglenip öýe  gija galyp haýdap gelýärdim ,elimde bolsa telefonym imoda Kazanda okap ýoren halaşýan ýigdim bilen başagaý bolyp gepleşip gelýärdim welin birden bir it ylgap gelip goni ustume bökdi ,men duýdansyz topylan itden gorkyp waaaý diýip gygyrdym we elimdaki telefon, elimden üçip ýere gaçdy we pytratdy
Itiň bolşundan özim gorksamda, onyň yitigini tapan ýaly bolyp meniň daşymdan aýlanyp maňa seredişi, boýym bilen boýuny deňap kellesini sypalatjak bolşyny gorup, meniň ýuregim ýerine geldi we ol iti tanap
— oýýýý köneçe dost senmaý, yurega çat açdyrýaň duýdansyz topulyp diýip onyň bilen gürleşip, ýere pytran telefonymy,  çöpleşdirip ýerine daňyşdyryp açjak bolsam, onyň zarýaty çöküpdir, ony sumkama saldymda, ol ite
— saryja dost, indi men ol gepleşýan ýigdime name diýeýin, sen gorkyzaňda ,ol diňe meniň waaaý diýip gygyran sesimi eştdip galda, men oňa ýagdaýym gowlygyn aýtmak uçin azyndan bir sagat wagt gerek agyry( iş bilen öý aralyk bir sagat ýoldy)
Iti yzyma dirkap ýene dukana bardym, magazinçi oglan
- jigim geçen gezek sen bu ite bulka alyp bereniňden bari ,bu it gunde bu ýere gelip dükanyň işigin garagullap ýatdy, barik ençe alyjy gelýar ýone ,bu it diňe saňa garaşdy seni gözledi, seniň işden boşaýan wagtyňa kop garaşdy, ýone bu it diňe seniň sesiňden tanaýan bolaýmasa, sen telefonda gepleşip gelýaniň görup goni saňa garşy ylgap gitdi
- mena bilmedim agam,men haýwanlary gowy gorýan, ýone bu it şunça adamyň içinden ala böle nameüçin meni saýladyka
- item bolsa, ýuregi päk arassa adamlary, bular aňýar, seniň bu ite bolan mahriň ,bu it aňan bolmaly we sen bu ite dükandan iýer ýaly zadam alyp berdiňa
— ýene almasam bolanok, ol meni çaga ýaly goni dukana alyp gaýtda
- ha ha haýýý jigim senem bara, haýwanda oda ,seni gowy gorupdir
- onda bir bulka bersene, ony garaşdyrmaly, ol aç bolmagy mumkin
Şeýdip ýene ite bulka berip öýe gaýtdym
Öýe gelip telefonymy zarýata goýyp açanym hem şoldy welin, gepleşýan ýigdimden gelen jaňlar gelen smsleri gorup ýurek ýaryldy
onyň name boldy aýdaýyň diýip ellewrap ýazan hatlaryn okap, hiç bir magşyk gyz aglaman duryp bilmez
Gözim ýaşlap jaň etdim we bar zady başdan aýdyp berdim
— meni gaty gorkyzdyň, ýekejäm, seni maşyn kakandyr öýtdim, ýaman gorkyzdyň,meni ýeke goýansyň diýip
- yok, mahribamyn seni ýeke goýman, şeýlerak boldyda,hiç yzyna aýlap,  gabatlaşyp bilmedim,zarýatym çökdi, bagyşla janym
Onyň bilen uzak gije gepleşdim, ýone bar pikirim şol ýoldaky itdedi. Ol ite meniň gowy mahrim siňdi
Şol wakadan soň gunde men işden gaýdamda oňa düşýan we ol gunde menden bir bulka sowgat alýar we meni öýe gaýtýan taksilaryma çenli ugratýar

Dowamy bar

Edebiýat, Nowcha90 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir