Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy aw­tou­lag ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry “Re­nault-Nis­san-Mit­su­bis­hi” dün­ýä­niň äh­li ýur­dun­da di­ýen ýa­ly sa­tyl­jak mo­del­le­rin­de in­ter­net hyz­mat­la­ry­ny ýo­la goý­mak üçin hyz­mat­daş­ly­k eder. “Al­li­ance In­tel­li­gent Clo­ud” (Akyl­ly Bu­lut Bir­le­şi­gi­) at­ly plat­for­ma “Micro­soft” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de dur­mu­şa ge­çi­ri­ler. Bu hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de “Micro­soft Azu­re” ta­ra­pyn­dan “bu­lut”, eme­li aň we ji­sim­le­riň in­ter­ne­ti teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan peý­da­la­ny­lyp, dün­ýä­niň il­kin­ji glo­bal in­ter­net bag­la­ny­şyk­ly ulag mak­sat­na­ma­sy dur­mu­şa ge­çi­ri­ler. “Micro­soft Azu­re” öz ekoul­ga­myn­dan peý­da­la­nyp, ulag ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry yg­ty­bar­ly ýag­daý­da almak, do­lan­dy­rmak we sel­je­rmek arkaly aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny mag­lu­mat bi­len üp­jün eder. “Re­nault-Nis­san-Mit­su­bis­hi” to­pa­ry­nyň in­ter­netli ulag­lar bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­sy Kal Mos in­ter­net bag­la­ny­şyk­ly tä­ze plat­for­ma ar­ka­ly müş­de­ri­le­ri­niň san­ly teh­no­lo­gi­ýa­dan peý­da­lan­jak­dyk­la­ry­ny aý­dýar. Şeý­le hem Mos “Micro­soft” bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de dün­ýä­dä­ki iň güýç­li we giň in­ter­net bag­la­ny­şyk­ly ulag plat­for­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­jek­dik­le­ri­ni be­ýan et­di. San­ly ul­gam­dan peý­da­lan­ýan tä­ze teh­no­lo­gi­ýa, il­kin­ji no­bat­da, ýa­pon hem-de ýew­ro­pa ba­za­ryn­da sa­tyl­jak “Re­nault Clio” hem-de “Nis­san Le­af”-iň kä­bir mo­del­le­rin­de otur­dy­lar. Bu ulag­lar “Micro­soft” teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan müş­de­ri­ler köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ri­len il­kin­ji mo­del­ler bo­lar.
“Al­li­ance In­tel­li­gent Clo­ud” plat­for­ma­syn­dan peý­da­lan­ýan ulag­lar­da üz­nük­siz in­ter­net ara­bag­la­ny­şy­gy, ula­gyň nä­saz­ly­gy­nyň uzak­dan anyk­lan­ma­gy, prog­ram­ma­la­ry­nyň tä­ze­len­me­gi ýa­ly aý­ra­tyn­lyk­la­r bo­lup, mag­lu­mat we güý­men­je ul­gam­la­ry­ hem el­ýe­ter­li bo­lar. Gel­jek­de “akyl­ly” şä­her­le­riň sa­ny­nyň art­ma­gy bi­len bu ulag­lar şä­he­riň ýer­li inf­rast­ruk­tu­ra­sy­na hem bi­rik­di­ri­ler.

Tehnologiýa, bank tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir