SURATKEŞ
Hekaýa

Ülkä belli suratkeş goşgy heserine ulaşdy. Surat çekýän galamyny döwet galamyna çalşyp, dünýäni unudyp, şygyr sungatynyň näzini çekip başlady. Gündiz çaý-naharyny sowatdy, gije ukyny gysgaltdy. Irkildi, ymyzgandy, ýöne çuň uka çümüp bilmedi. Surat çekýän döwürleri görýän düýşleri dagy ýele ýanyndanam geçmedi. Şeýdip, bir aý diýlende küti depderi goşgudan dolduryp, edebi gazetiň redaksiýasynyň gapysyndan ätledi. Suratkeşi onda-munda kän görünýän, ýaňy adygyp
ugran ýaş şahyr – bölüm müdiri garşylady.
– Ine, şuňa goşgy diýerler. Gazetiňde güzlediber birýanyndan. Suratym bilen bile bererin diýseň, onam getirjek – diýip, suratkeş bir aýlyk zähmetini patladyp bölüm müdiriniň stoluna oklady.Goşgy, şygyr diýilse, işdäsi açylyp, ökjesi ýeňleýän ýaş şahyryň gözleri uçganaklady.
– Beh, dogrudanam? Öz goşgyňyzmy? Hakyt özüňiz ýazdyňyzmy? – diýip, ol çyny bilen sorady.
– Weý, dagy kim ýazsyn?! Elbetde, özüm ýazdym.
Bölüm müdiri depdere işdämen topulyp, sahypalaryny gyssanmaç waraklap oturyşyna geňirgenmesini gizlejegem
bolman:
– Men sizi diňe suratkeş diýip tanaýardym welin, asyl siz şahyram oguşýan! – diýdi.
– Pah, bu goşgular gursagymda garrady, ýogsam, bireýýäm ýazylmalydy. Suratçylyk işim birneme päsgel berdi. Ynha, indi elim boşaşdy, bir aý bäri diňe goşgy bilen gidişýän. Entek mende ýeterlik güýç-kuwwat bar, gaýratym egsilenok. Goşga bolan hyjuwym dyňzap dur, ýüregim joşýar. Nesip bolsa, şu-gün erte düýpli bir poema ýazyp başlajak.
Ýaş şahyr agzyny açyp diňläp otyr, suratkeşe gözügidijilik bilen seredýär. Gör-ä, ülkäň iň bir atly
suratkeşi! Eserleri sergiden sergä gatnaşyp ýören, dünýäň köp ýerinde tanalýan beýik zehin, tapylgysyz ussat, tanymal suratkeş indi şygryýetde öz güýjüni synaýar.
Suratçy halky synçy bolýar, gözelligi duýmaga ökde, tebigat, peýzaž, daşarky dünýädäki sazlaşyk suratkeşiň gözünden sypanok, ol dürli reňkler bilen görýän zatlaryny kagyza geçirýär, her eserinde çuňňur mana ýugrulan pelsepe bar, olary synlap, manysyny çözlemek özüňe bagly.
Bu adam goşga-da uçursyz ökdedir. Eýse näme, gözelligi duýup bilýän adamdan erbet goşgy çykmaz!
Bölüm müdiri suratkeşiň häsini ýetirdi, gop berdi:
– Tüweleme! Poema başlasaňyz, näme, şowly bolsun! Höwri köp bolsun! Ýazmak siz bilen, çap etmek biz bilen!
– Okamak paýam okyjyňky! – diýip, suratkeş üstüni ýetirdi.
– Onda näme, depderiňizi goýup gidiň, üç-dört günden habar tutuň, menem okaşdyraýyn, başlyklaram okasyn, hökman çap ederis – diýip, bölüm müdiri tüýs suratkeşiň garaşýan jogabyny berdi.
Çykyp barýarka suratkeş:
– Nememi, suratymam berjekmisiňiz ýa hökmanam dälmi? – diýip sorady.
– Bereris, hökman bereris. Indiki geleňizde suratyňyzam alyp geliň.
Suratkeş hoş bolup çykyp gitdi.
Bölüm müdiri hem depderi açyp, goşgularyň birýan çetinden girdi. Girişi ýalam lapykeç boldy. Keşde çeken ýaly sünnälenip ýazylan owadan setirler goşgy däl-de, gury bir sarnama ekeni. Ne tagam bar, ne tagsyr. Duýgam ýok, pikirem. Bogun ölçeglerinde-de deňlik saklanmandyr.
Setirleriň ahyryndaky sazlaşygy gaty pes. Üstesine-de durşy bilen öwüt berýän sözler. “Wah, jan agam, goşguda akyl satmaklykdan haçan eýýäm oba göçdi, okyja akyl gerek däl, goşgy gerek, goşgy! Beýtme ahyryn! Wah, wah!” diýip, ol suratkeşe gaýybana ýalbardy. Kejikdi. Suratkeşlikde uly sungat döreden zehiniň şular ýaly goşga meňzeş pes setirleri ýazyp biljekdigine ynanasy gelmedi. “Heý bir üýtgeşijek setir, delje detal, iň bolmanda täze
kapyýa dagy ýokmuka?” diýip, sahypalary agdaryşdyryp ugrady, goşgy yzyna goşgy okady. Hamana, şeýdende
gowy goşga öwrüläýjek ýaly, ýerinden turup, edil sahnada çykyş edýän dek ellerini hereketlendirip, labyz bilen gaty sesde daşyndanam okady Okadygyça-da körkeýp boldy. Depderi stoluň üstüne taşlap, duzsuz, ýuwan nahar iýýän ýaly işdäsi tutuldy, seňrigini ýygyrdy.“Indi näme etmeli?” diýen sowal ýaş şahyra ejir berip
ugrady. Ýaňy kellesiniň gyzgynyna “Hökman çap ederis” hem diýäýdimi? Şu öl ýere biten dil diýmeli zadam diýýär, diýmesiz zadam. Ahyry bir zadyň üstünden baraýan bolsaň gerek! Ýeri, indi nätjek? Bulary täzeden işläp, her bendinde bir setiri, ýa bäş-üç sany sözi üýtgedip, tasa
getirerdenem daş. Tutuşlygyna täzeden ýazsaň-a bolaram welin, bi suratkeşiň öňünde nädip durjak? “Hany, meň goşgym?” diýse, näme jogap berjek?Ýaňy bir gepinde suratymam beräýseň diýjek boldumy? Haý, işigaýdan! Adamyň ýaşy gaýdyşsa işem gaýdar ekeni. Ýa işi gaýdansoň ýaşy gaýdýarmyka? “Işigaýdan, ýaşy gaýdan! Ýaşy gaýdan, işigaýdan!” diýip, bölüm müdiri ikibaka gezmeläp ýörşüne hümürdedi. “Ýeri, goşgy ýazmak nireden kelläňe geldi? Çekiber-dä suratyňy!” diýip, öz ýanyndan suratkeşe igendi. “Jan agam, goşgyny, ine, şeýle ýazmaly!” diýip, haýran galdyryjy, ajaýyp bir şygry döredesi geldi. Nusga görkezäýsem diýdi. Görkezjek nusgasynyň ýaşuly suratkeş tarapyndan gara şaýa
alynmajagyna üşügi ýeten dessine: “Ýok, munyň-a bolanok, han ogul, munyň çykalga däl, çykalga däl!
Başgarak bir zat tap” diýip pälinden el çekdi.Onsoň bölüm müdiri ýatyp-turup, oýlana-oýlana, ahyry çykalga hökmünde bir pirim oýlap tapdy.
Suratkeşiň geljek gününe gabatlady-da, bir petde ak kagyzy öňüne alyp, özüçe surat çekip başlady. Çem gelen
zadyň suratyny çekdi. Ugralla çekdi. Birinji kagyza tes￾tegelek çyzyk çekdi, ikinjä süýri tegelek, üçünjä üçburçluk, dördünjä bäşburçluk, bäşinjä ýene bir zat... Galamy haýsy
tarapa ýöräsi gelse, ýöretdi, ýaýdanmady, gypynç etmedi. Sähelçe wagtyň dowamynda telim “surat” çekdi. Çeken “suratlaryny” iş otagynyň diwaryna ýelmeşdirdi. Az gördi.
Ýene çekdi. Ýene-de diwara ýelmäp ugrady. Ine, şeýdip, ber-başagaý bolup ýörkä-de ardynjyrap, gapydan suratkeş girdi. Salam-helikden soň ol äýneginiň üstaşyry diwardaky “suratlara” göz aýlap:
– Pah, pah, bu kagyzlar näme? – diýip sorady.Bölüm müdiri göwnübir jogap berdi:
– Kagyz däl olar, surat!
– O nähili surat? Kimiň suraty?
Bölüm müdiri gülmän-yşman:
– Surat-da. Meň çeken suratlam. Geçen gezek gelip gideniňizden soň mende suratkeşlige höwes döredi. Höwes
däl, höwes diýseň, bärden gaýdýar, söýgi döredi. Şu günler goşgyny goýup, diňe surat çekýän. Kiçijik çaga wagtlarym hem surat çekerdim. Ýöne goşga başlap, suratdan elim
sowady. Indi, nesip bolsa, surat bilen goşgyny bile ýöretmekçi. Ýeri, nädýär, boljakmy? – diýdi.
Suratkeşiň gözleri tegelendi Üşerildi.
– Beh – diýip, ol bir “suratlara”, bir bölüm müdiriniň ýüzüne seredip, aýdara-goýara söz tapmady.
– Suratkeşleň sergisine gatnaşmak üçin näme etmelikä? Men gatnaşaýsam diýýän – diýip, bölüm müdiri gökden
düşen ýaly aňalyp duran suratkeş üçin mojukdan mojuk gürrüň tapdy.
Ýaşuly suratkeş şübhesini ýaşyrmady:
– Çynyňmy ýa oýun edýärmiň?
– Agam, siziň ýadyňyza oýun düşýär. Men bolsa... Siz gowy bilýänsiňiz, şo sergide çeken suratlaryňy gowja
bahadan satyp bolýarmyş. Çynmy şol? Men näme etsem...
Suratkeş bölüm müdiriniň sözüni böldi:
– Haý, inim-m! Akmak oglan ekeniň. Akyllyja, üşüklijemikäň diýýärdim welin...
Bölüm müdiri hem suratkeşiň gepini soňlatmady:
– Weý, agam, näme boldy? Ýa halamadyňmy suratlarymy? Ýa-da ol sergi diýýänim ugursyz gürrüňmi?
– Seň özüň ugursyz! – diýip, suratkeş gaharly janykdy.
– Oglan, akmak bolmasaň sered-ä! Suratmy şü? Ine, şü suratmy? Ynha, şu çeken zadyň nämesi surat?
– Ýaşuly-y! Nädiberýäň-aý, ýaşuly? Meň gije-gündiz ýatman çeken azabym-a bular. Gül ýaly suratlar, sergä
niýetläp çekdim – diýip, bölüm müdiri ýasama gahar bilen çytyldy. Ynjydylan çaga ýaly kesä bakdy. Suratkeş bolsa köşeşer ýaly däl. Gahary joşup, gitdigiçe beleň alýar:
– Şu ýaşyma sen ýaly gepe düşmez tünte duşmandym. Indem duşurmasyn! Ýagşam bir iş eden ekeniň. Saňa kagyz zaýala diýseň! Ana, seň başarýan işiň! Häý, nadan!
Ine, şu ýerde bölüm müdiri: “Amatydyr-da, Alla!” diýip, goşguly depderi eline aldy-da, kesgitli:
– Ýaşuly, me, depderiňi al! – diýdi.
Suratkeş äýnegini gözünden aýryp, täzeden dakdy, aljyrady.
– Ä? – diýdi.
– Depderiňi al diýýän, goşguly depderiňi – diýip, bölüm müdiri depderi suratkeşiň eline tutdurdy.
Bu wakanyň soňunyň nähili gutarany belli däl. Her hili gutaryp biler.

21-nji aprel, 2013-nji ýyl. Mary.

Hekaýaň soňy.

Awtory: Kakamyrat Ataýew

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir