KÖL ÝAKASYNDAKY OBA

Aleksandr Bragine

Biz tirkeşdip on-on bäş öýli kiçijik obajyga gelip giren wagtymyz gün ýaňy ilerik agyp ugrapdy. Sowujak şemal
öwsüp ýaňy boýugyp ugran otlaryň ýüzüni daraklap geçýärdi. Moskwada häzir agaçlar ýaprak ýazmaga ýetişen hem bolsa ondan ýüzlerçe menzil demirgazykda ýerleşen bu obajykda ýazyň gozgalaňy ýaňy başlanypdy. Berýozalaryň ýene-de haýsydyr bir maňa nätanyş bolan agaçlaryň egni
henizem gyp ýalaňaçdy. Diňe eteklerde ösüp oturan gyrymsy maýdaja agaçlaryň ýokarsynda solak ýaz ýaglygy ülpüldäp
göze ilýärdi. Menden on-on iki ädim öňden barýan Saşa bir alaňa çykansoň aýak çekdi-de, ol ýerde maňa garaşyp durşuna töweregine garanjaklady:
— Ine, ahyryn obamyza hem ýetdik!
Ol şeýle diýdi-de, ýazgyn meýdanda guýrugyny bulaýlap, öz keýpine otlap
ýören atyň aňyrsyndan görünýän obajyga elini salgap goýberdi.Ilkinji öýüň öňünde bir aýal ýuwup, egnine atyp gelen geýimlerini serişdirip ýördi. Ol bizi görüp, şemalyň birden köýnegini ýokary göterip özüni uýada goýmazlygy üçin tä, biz duşundan geçýänçäk geriljiräp kir sermesini
goýdy. Biziň bilen saglyk-amanlyk soraşdy hem-de bizden ýaňky duşundan geçip gaýdan obamyzyň magazininiň
işleýänini-işlemeýänini sorady.
Kursdaşym Saşa meni bu çolaja obajyga öňräk bir gezekde alyp gaýtmakçy bolupdy. Bu obada onuň garryja mamasy
ýaşaýardy. Ýöne, ol sebäp boldy — bu sebäp boldy, tä maýyň ahyrlaryna çenli biziň gurramyz duşmandy.
Biraz üşänim üçin bolsa gerek, men obanyò gyrasyndan girip ugran wagtymyz, häzir öýe gireris, ot ýakynyp ýylynarys, soòundanam birsellem gyşaryp, aýaklaryň demini bereris diýip oýlanypdym. Häzir Saşanyň mamasynyň bu ýerde
ýokdugyny, onuň indi birnäçe aýdan bäri Çerepowes şäherinde
gyzynyň öýünde ýaşaýandygyny, şindi Moskwadan gaýtmankak eşidipdim.
Jaýa girsegem, biziň ot ýakynyp çaý gaýnadynyp içmek maksadymyz birbada baňa barmady. Ot ýakmazdan öň biz
pejiň tüsseçykaryna taýak sokup, şol ýerde öý edinen gargalary kowmaly bolduk. Jaýyň gapysy jygyldap, ses edip açylan mahaly men ýaňy uka gidipdim. Gapynyň öňünde egni akja plaşly bäş-alty ýaşlaryndaky gyzjagaz peýda boldy. Ol nämedir bir
zada tolgunypdyr, onuň mähirli çaga gözleri begençli uçganaklaýardy.
— Hemişelik geldiňizmi, indi hiç-hiç gitjek dälmi? Nina daýza ertirki «Raketada» gelýärmi?. .
Gyzjagaz gele-gelmäne sorag yzyndan sorag berip, soňam sowallarynyň jogabyny eşitmäge gyssandy. Ol bu zatlary soraşdyransoň, gelşi ýaly ylgap ýene-de yzyna giderli göründi.
Soň ol bize şu gün goňşy oba ylgap gidip gelendigini, daýylarynyň irden balyga gidendigini, özüniň hem mamasy
bilen derýa çeňňek atyp dört sany «karas» balygyny tutandygyny gürrüň berdi. Haçanda Saňa pejiň tüsseçykaryndan kowlan gargalary
ýatlan mahaly, gyzjagaz hem bir gargaly gürrüň tapyp, bizi
ýylgyrmaga mejbur etdi. Ol özüniň köne küdäniň ýanyndangarga ýumurtgasyny tapandygyny, onam getirip pejiň üstünde goýandygyny, ondanam garga çagajygynyň çykandygyny çaga dili bilen jedirdäp gürrüň berdi.
— Soň ony nätdiň?
Saşa özüniň kim bilen gürleşip oturanyny hem ýadyna
salman ynanmazçylyk etdi.
şeýle-de bolsa, bu sorag gyzjagazy aljyratmady.
— Men ony ýola çykaryp goýdum, gargalar geldiler-de,
tanap onuň ganatlaryndan dişläp, özleri bilen uçuryp äkitdiler.
Soňundanam «hana, şeýläk» diýýän manyda ýokarsyna bir ýerlerik seretdi. Gyzjagaz bize ýene-de ejesiniň hem indi ýakyn günlerde
bu ýere geljekdigini, ony özi bilen Leningrada äkidip, mekdebe
berjekdigini begenip gürrüň berdi.
Ol gidensoò Saşa Lýudajygyň bu obada özünden başga deň-duşunyň ýokdugyny, onuň bu ýerde diýseň ýekesireýändigini, geçen, tomus bolsa öz gelni Nina bilen jora bolup,
tirkeşendigini gürrüň berdi.
Lýudajyk giden mahaly: «Men ýene-de gelerin» diýen hem bolsa, bu gün ol gaýdyp gara bermedi.
* * *
Lýudajygyò mamasy ak saç, dişleri gemrik-gemrik aýaldy. Ol her gün ir bilen biziň ýaşaýan jaýymyzyň arkasyndan geçýän ýol bilen gidip goňşy obadan, haýsydyr bir
Kuzminiçnalardan süýt alyp gelerdi.
Ýolda tanydlarynyň biri duşup, ondan niräk barýanyny soraýsa boldugydy, onuň ody ölçerilerdi. Häzir özüniň aýagyny süýräp, ýaramaz janyny ýarydyp, iki owurt süýt üçin bir
obadan başga bir oba gatnamagyna, ýakynda süýtli sygryny satan bir obadaşynyň günäkärdigini aýdardy.
Oňa goňşular bolubam sygryny satmazlygy maslahat berendiklerini, onuň bolsa sygryny satyp, öz isleýşi ýaly edendigini, şol sygyr obalarynda barkan blin bişirinip, gaýmaga batyryp iýmegiň lezzetli bolandygyny birin-birin ýatlardy. Gelen günümiziň ertesi ol bizi balyk çorbasyna çagyrdy. Onuň daşyndanam ýene gowrulan balyk hem hödür etdi. Bulgurlara guýlan içgi bir gezek göterilensoň öýüň atasy, mis kelle goja gürrüòi gyzyşdyrdy. Ol uruş mahaly özüniň, bir söý bilen bombalanan çakyr zawodyna gabat gelşini, şol ýerden bir boçka çakyry öz sürýän maşynyna atyp, ýoldaşlarynyň arasyna getirendiklerini, aýazly howada ol şerabyň oglanlara hezil berendigini
gürrüň berdi. Häzir biziň garşymyzda özümiz ýaly iki degenek bolşup
Lýudajygyň daýylary otyrdy. Olaryň birisi domma Petkady. Ikinjisi bolsa bir toýda kellesininden pyçaklanan, bir eli bilen bir aýagy ýarym şel bolup galan äýnekli Andreýdi.
Lýudajyk elini eòegine diräp, edilýän gürrüňleri dykgat bilen diňläp otyr. Ol şu oturşyna oturyberen bolsa, belki oňa hiç kim üns bermese-de bermezdi.
— Baba, onsoň saňa medal berdilermi?
Ol sorag berip özüniň henizem bu ýerde oturandygyny mälim etdi.
şundan soò mamasy oòa pejiň bir ädim beýlesinde ýatan pişigi görkezip, ony ugratmak bilen boldy:
— Hana, pişigiň bolup ýatyşyna seret! Erte ýene gowy gün bolar, günem çykar, häzir bolsa gitdejik ýat!
— Bu daýylaram bizde ýatýarlarmy?
Lýuda sorag berip nazaryny biziň ýüzümizde gezdirdi.
— Özi galam ýaly welin, ähli zat bilen işi bar — diýip,
mamasy ony öňüne salyp diýen ýaly goňşy otaga geçirdi. Uly adamlar bolsa şu günki ýaly şemallyja gün bolanlygynda, çeňňeklije balyk tutmagyň amatly bolýandygy hakynda gürrüň edişip ugrapdylar. Andreý tolkun bildirgiçleri bira çörňeşiklige düşürse-de, onuň badyna çeňňege ötürilen aldawajyň iki ýana hallan atyp, ötegçi balyklara gowy görünýändigi barada beletlik bilen gürrüň berýärdi. Men her gezek töweregime gözümi gezdiren mahalym garşymdaky stoluň üstünde arkasyny pejiò diwaryna berip oturan bulaşyk saçlyja gyzjagazy görýärdim. Her gezegem ol
Lýudajygy meniň ýadyma düşürerdi.
Petýa birsalym düòderilip geplemän oturansoò, zöwwe ýer￾inden turdy-da, başga bir otaga geçdi. Soň ol gaýdyp gelmedi. Özüniň bir kohozda agronom bolup işlän günlerini ýatlan mahaly Andreý has-da gyzdy. Ol bir gezek kolhoz üçin raýon merkezine iki sany eýer almak üçin gidenini, eýer alynjak puly hem arabakeş bilen
içenlerini ýatlady. «Hut şuň gelýänçem ikimizem içipdiris» diýip, barmaklarynyň birini bokurdagyna süýkäp görkezdi. Soňundanam başlykdan utanyp, birnäçe gün onuò gözüne
görnüp bilmänini, bir gün başlygyň özüni gözläp tapanyny, onuň «Sen kän içýäň» diýip, ilki käýänini, soòam galanja pula arak getirdip, özi bilen bir brigadir aýalyň üçeginde içişendigini, brigadir aýalyň bolsa özlerine süýji blin taýynlap berendigini gürrüò berdi. Lýudalaryň öýünden çykan mahalym daşardaky sowujak şemal inimi tikenekletdi. Çep tarapdan ötegçi gäminiň ýoňtar sesi eşidildi. Men birnäçe minutlap özümi haýsydyr bir äpet gämide, niräkdir bir ýere ýüzüp barýan ýaly duýdum.
* * *
Biz derýada biraz gezelenç etmek meýlimiziň bardygyny aýdyp, gaýygyny soran mahalymyz Andreý muňa garşy
bolup durmady, gaýtam «Gezmäge geldiňizmi, gezmeli-dä» diýip, kenarda daňylgy duran gaýygyn seredip, biziň pikirimizi özüçe goldady. Saňa kürek başyna geçdi, men gaýygyň burnunda ýerleşdim. Lýuda bolsa mamasynyň sargap goýberişi ýaly
ortaky oturgyçda oturyşyna elleri bilen oturgyjyny tutup,töweregini synlaýardy. Birde asmandaky güne, birde suwuň ýüzündäki lowurdaýan güne seredip, gözlerini ýumjukladýardy.
Haçanda üsti ýolagçyly «Raketa» biziň duşumyzdan dazylap geçip giden mahaly, Lýuda mamasynyň sargydyny ýadyndan çykardy. Ol ornundan turdy-da, üşerilip raketany synlady. Onuň raketada barýan adamlaryň arasyndan kimdir birini göresi geldi. «Raketa» iki tarapyna tolkun ýaýradyp biziň duşumyzdan geçdi-de, daşlaşyp gitdi. «Raketa» gözden ýitensoň ol ejesiniň
Leningraddan şunuň ýaly ýyndam «Raketa» bilen gelip, özüni hem äkitjegini, ol ýerde bolsa özüniň mekdebe gatnajakdygyny, öňem bize birnäçe gezek gürrüň berenini unudyp,
ýene-de bir gezek ýatlady. Soòam:
— Leningrad daşmy, Moskwa? — diýip, biziň ýüzümize seretdi.
— Leningrad ýakyn bolsa gerek! — diýip, men öz jogabym Lýudajygyň göwnünden turar diýen niýet bilen ilki dillendim.
— Menem şeýle pikir edýärdim.
Biz mahal-mahal ornumyzy çalşyp, gaýygy gezekleşip sürdük. Ýöne, nämüçindir, gaýygy men süren wagtym daş-töwerege küreklerden suw syçyraýardy, gaýyk birhili çaý-
kanybrak ýüzýärdi. Men muny özümiň öwrenjeligimden gördüm. Hem-de gaýyk sürmegiňem kinolardaky ýaly ap-aňsat zat däldigini öz ýanymdan boýun aldym. Günortan naharymyzy biz gaýygyň üstünde edindik. Emma
nämüçindir, Lýudajyk biz bilen naharlanmakdan çürt-kesik boýun gaçyrdy. Ol «Iýesim gelenok, men dok... » diýip, birnäçe gezek ýüzüni başga tarapa sowansoň ahyr-soňy dogrusyndan geldi.
— Mamam söger-ä.
— Ol nireden bilsin, biz oňa seň özümiz bilen naharlananyňy gürrüňem bermeris.
— Ýok, bilýär.
— Nädip?
Saşa geňirgenip onuň ýüzüne seretdi.
— Mamam bilgiç, ol hol gün Serafima mamalardan tort iýenimi hem bildi. Men öýe bararyn. Hiç zat iýesim gelmez, o-da biler.
— Sen öýde hem iý! — diýip, Saşa oňa seredip ýylgyrdy.
— Onda garnym goçalýar-da.
Lýudajyk çagalygyny edip, köýnegini göterip garnyny görkezdi. Biz onuň iýmese goçak gyz bolmajagyny, goçalmasa bolsa onuň Leningradda okuwa kabul edilmejegini aýdyp ynandyranymyzdan soň, ol biziň bilen nahar edindi. Yzymyza gaýdyp gelýärkäk, sag kenarda duran tanyş
aýala gözüm düşdi, men ony Saşa hem görkezdim.
— Belki, goňşymyzam özümiz bilen äkideris?!
— Kim ol goňşy?
Saşa meniň ümlän tarapyma seretdi. Ol gelen günümiz bize ilki duşan kir serip duran aýaldy. Ýöne ol, nämüçindir, biziň ýolumyzdan sowlup, özüne tarap yzyna ýüzüp ugranymyzy gördi-de, hol beýlede oturan
ýeke jaýa tarap öwrülip, ýöräp ugrady. Biz birbada hiç zada
düşünmedik:
— Tonýa, eşidýäňmi, ýör, biziň bilen gitseň!
Tonýa Saşanyn sesini tanap aýak çekdi-de, gaňrylybrak bize tarap
seretdi. şeýle-de bolsa, ol gaýykda oturanlary birin-birin synlaýança ses bermedi. Gaýyk ilerki kenara — allowarradan sähelçe görünýän
oba tarap ýüzüp ugran mahaly, Tonýa bizden gaçmagynyň
sebäbini düşündirdi. Gaýyk Andreýiňki bolansoň, ol bizi Andreýdir öýdüpdir.
Ol Andreý bilen aýal bolup bir gaýykda ýüzmegiň mümkin däldigini aýtdy. Bir ýola onuň özüni ogşajak bolup, gaýygy düňderenini aýdyp güldi. Biz gaýyk doly adam bolup, kökleri damar-damar bolşup duran agajyň ýanyna gelen wagtymyz, kenarda balykçylaryň has köpelendigini gördük. Lýudajygyň mamasy, babasy, daýylary Andreýdir Petka hem derýa dört ýerden çeňňek gurýan ekenler.
* * *
Ir bilen meniň eýläk-beýläk gezmeläp ýörenimi gören Andreý ýanyma geldi.
— Student, irki maşklary ýerine ýetiresiň gelýärmi?
Ol sorag berdi-de, boýnuny gyşardybrak seredip durşuna
gülümsiredi.
— Näme hyzmat?
— Sen-ä gaýygy sür, menem çeňňeklerimi barlaýyn.
Gaýyk sürşümiň ýagdaýlydygy ýadyma düşse-de, men onuň bilen razylaşdym. Derýa gurlan gurnama çeňňekleriň uzyn
sim-tanap kenardaky töňňeden başlanýan ekeni. Bize her iki ädimden bir çeňňek gabat gelýärdi. Her
çeňmekdenem barmak ýaly ululykdaky bir balyjyk asylyp durdy. Bu uly balyklary aldawa salmak üçin gurlan hiledi. Telim çeňňegi özüne birikdirýän ýogyn sim, kenardan sesý-
etim daşlaşyp, köne labyra birigip gutarýan ekeni. Biz çeňňeklere düşen balyklary alyp, kenara dolanyp gelen mahalymyz, oba aýak üstündedi. Ähli jaýlaryò diýen ýaly gapysy açylypdy.
Meýdana ýaýran towuklar ak nokat bolşup göze ilýärdiler. Gapysy gyzyl reòk bilen reňklenen agaç jaýyň öňündäki oturgyçda oturan iki kempir kellelerini bir-birine degräýjek
bolşup, nämedir bir zadyň gürrüòine gyzyşypdylar. Gapdalym bilen agsaklabrak gelýän Andreý meniň töweregimi synlaýanymy görüp düşnüksiz ýylgyrdy
— Biz obada gözüň dokunara zenan ýokdur, dos jan. Bularyň hemmesi sübse ýaly süýrenişip ýören kempirlerdir. Gyş golaýlap, howa hem bir sowap ugrasyn, bu garrygurrularam bu ýerde görmersiň, hemmesi şäherlere siňer. Bu ýerde hol kolhozyň buhgalteri bilen men galaryn...
Ol soňundanam gyşda bu ýeriň lyja sürmäge amatly bolýanyny, özüniň mahal-mahal buhgalter gelin bilen lyja sürüp gezelenç edýänini, doňan derýanyn üstünde oturyp, balyk tutýanyny aýtdy. Men Andreýi işikleriniň öňünde galdyryp, pes boýluja alma agaçlarynyň arasyndan gönüläp, indi köpden bäri ertirlik edinmän özüme garaşyp oturan Saşanyň ýanyna ýetmäge gyssandym. Men Andreýiň yzyna düşüp giden mahalym Saşa dünýäden bihabar ukusyny alyp ýatyrdy...
Ýöne öň ýanymda oýnap oturan Lýudajygy gören mahalym, bu ýerde biraz eglenç etmeli boldum.
Ol babasynyň özi üçin ýörite oňaran agaç tagtynda oturyp, saçlary çaşyk gurjajyga akyl berýärdi.Öz aýdasy gelen sözlerini birnäçe gezek gaýtalaýardy:
— Men indi tiz Leningrada giderin. Leningrad uzak däl, ol Moskwadan ýakyn. Sen bolsa bu ýerde galmaly borsuň, ýöne aglama, Nataşa! Mamamyň aglak gyzlary gowy görmeýänini sen bilýäň-ä. Men gidemsoň mamamyň iň gowy görýän gyzy sen bolarsyň. Sen ulalaňsoň, ejem geler-de, senem «Raketa» bilen Leningrada, öz ýanyna äkider. Senem onsoň meniň bilen mekdebe gatnarsyň. Seniòem köp suratly kitabyň bor, ejem galamam alyp berer. Suratam çekersiň.
Tomus gelende kanikul bolar. Kanikul okuwçylara daýylaryna-daýzalaryna, özge ýurtlara gezelenç edip gelmek üçin berilýän uzak rugsatmyş. Onsoň ikimiz hol ýerdäki, derýanyňam aňyrsyndaky, tokaýyňam aňyrsyndaky Türkmenistana gideris. Ol ýer şeýle bir yssymyş, şeýle bir yssymyş
Sebäbi ol ýeriň güni hemme obalardaky günlerdenem ulumyşyn. Ol ýerde güne gowrulan düýeler, bişen sygyrlar iki ýana ylgaşyp ýörenmişler. Kim ajygsa şol bişen düýeleriň etinden azajyk iýse doýaýýamyş Ynanaý, Nataşa. Hut şeýlemişin. Men muny Saşa daýy bilen gezelenje gelen gara daýydan
eşitdim. O-da şol Türkmenistandanmyş.
Men Lýudajygyň gürrüňinden, onuň Garagum hakyndaky menden eşiden gürrüňlerinden özüçe netije çykaranyny bildim. Ýöne Garagum hakyndaky öňki gürrüňimi gaýtalap, Lýudany öz häzirki ýaşap oturan dünýäsinden äkidesim gelmedi. Ol
häzir meniò gürrüòim esasynda dörän täsin Türkmenistanda ýaşap otyrdy.
Men oňa görünmän, jaýyň daşy bilen öwrüm edip gaýtdym.
* * *
Men bu gün hemişeki turşumdan has ir turdum. Belkem, bu gün bu obadaky adamlaryň hemmesinden ir turandyryn.
Hemmelerden ir turýan mis kelle goja hem içde-daşda görnenok. Belki, meni ugramazymyzdan öň ýene-de bir gezek
bu obajygy synlamak höwesim oýarandyr. Golaýdaky depäniň üstünde durup sanadym-da, bu obajykda bary-ýogy on alty öýüň oturandygyny anykladym. Töwerekde torgaýlar jürküldeşýärdiler. Düýnki sürlen
ýerlerde gargalar joňkuldaşyp gohlaşyp ýördüler. Mahal-mahal serçeleriò hem gatyraw guraksy sesleri eşidilýärdi. Gün çog-gyzyl bolup uzakdan görnen wagty asmanyň gümmezinde birnäçe reňkli halkalar emele geldi. Halkalaryň ýer tarapkysy tutuksy kül reňkdedi. Ol baryp
özüniň ýokarsyndaky gyzylymtyl guşaga goşluşyp ýitýärdi. Bu iki reňkden ýokardan bolsa gögümtil öwsüp asman gümmeziniň özi başlanýardy. Gün bir salymdan meniň garşymdaky agajyň şahalarynyň arasyna düşüp, tora atylan pökgä meňzedi.
Bu ýerden ýene-de depesinden taýak çykyp duran ot üýşmeklerini, ýalpyldap öwşün atýan köli, birsalym görnen ýaly bolup gözden ýitýän äpet gämileri synlasa bolýardy. Tirkeş-tirkeş bolşup barýan balykçy gaýyklary bir süri it goşulan sanýalary ýadyňa salýardy. Kölüň aňyrsyndaky tokaý ertir irden äpet haýata meòzese, töwerek durlanansoň berýoza, ýel, dub agaçlary gar-göjele bolşup görünýärdi. Men dolanyp gelen mahalym Saşa içerde gezmeläp
ýanymyz bilen ýola aljak goş-golamlarymyzy ýygnaşdyryp
ýördi. Çaý içip otyrkak, düýn bizi öz gaýygy bilen ol kenara, «Raketanyň» gelýän ýerine äkitmegi wada beren mis kelle goja işigi kakdy. Sagadyna seredip, bizi gyssady. Derýa ýakyn gelen wag￾tymyz meniň gözüm Lýuda düşdi. Ol çözülmedik gaýygyň üstünde bize garaşyp otyrdy. Men onuň gelenine begendim. Eger ony görmän gitsem, dogrudanam, gynanjakdym. Ýaňy
öýleriniň duşundan geçip gelýärkäk, men Lýudajyga häzir süýjüje uklap ýatandyr — diýip oýlanypdym.
— Sen näme beýle irläpsiň, entejik ýatyp ukyňy alsaň bolmaýarmy!
Saşa Lýuda dözmezlik bilen dillendi.
— Men sizi ugratjak. Men düýn bildim-ä, siz şu gün gidýäňiz. Men düýn ir ýatdym, ine, irdenem turdum.
— Gör, sen nähili akyllyja — diýip, Saşa ýüksüz eli bilen onuň egninden gujaklady. Goja bizi o kenara geçirensoň hem «Raketa» gelip, biz
ugrap gidýänçäk gapdalda garaşdy.
Biziň «Raketada» ugranymyzy görensoň o-da Lýudany alyp, ol kenara, biziň yzymyzdan seredip duran obajyga
tarap ýüzüp ugrady. Lýudajyk häzir gaýygyň üstünde dik durdy hem bize ak
ýol arzuw edip goluny bulaýlaýardy
Saşa «Raketanyň» gyraky ýaplangyjyna tirsegini goýup, Lýudajygy alyp, özümizden daşdlaşyp barýan gaýygyň yzyndan seredip, biraz oýurganyp duransoň hasylap uludan hasratly dem aldy. Soňundanam ol maňa hamala öz hasratyny düşündirýäne meňzäp, Leningrada giderin, okuwa gatnaryn...
diýip arzuw edip, gylkyldap ýören Lýudajygyň ol ýerde hiç kiminiň ýoklugyny, adamsyndan aýrylan ejesiniň üç-dört ýyllykda ýogalyp, onuň syrdam ýetim galandygyny, barara
ýeriniò, batara kölüniň ýoklugyny, şonuň üçinem onuň bu çagasyz, mekdepsiz, doktorsyz ömrüni paýawlap barýan obada özüniň ömrüniň soňky günlerini ýaşaýan garry-gurrular
bilen ýaşamaga alaçsyzdygyny ýatlady...
Ara ýene biraz açylansoň Lýudajygy alyp, bizden daşlaşyp barýan gaýyk, haýsydyr bir ýeri gyratlap suwuň üsti bilen ganat ýaýyp göterilip barýan guşa meňzedi.
Ol guşam ümürläp ugran gözýetime goşulyp, ýene bir meýdan öz maýdalyna ganat ýaýyp uçansoň asman bilen
goşluşyp ýitip gitdi.

Hekaýaň soňy

Awtory: Agageldi Allanazarow

WOLOGDA — AŞGABAT, 1975-1978 ý.

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir