Biwepalardan

Gözläp köňül berme biwepalarga,
Bak, kim wepa görmüş biwepalardan!
Goýma özüň ýersiz bet jepalarga,
Kim bähre tapypdyr bu jepalardan!

Yşkyň owazasyn diňle daşyndan,
Jan jebrinden gorksaň, barma başyndan,
Serişdäň kem bolsa yşkyň işinden,
Bar, habar al gören mübtelalardan!

Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň,
Bendesi men söze hyrydar guluň.
Kyrk oýnaşly hatyn ýagşydyr, biliň,
Şereňňiz köp tilli kethudalardan!

Şeraban-tehuran kimge jam bardyr,—
Köňül gözgi kimin nury enwerdir,
Dünýe ýedi başly ýalmawuz mardyr,
Gaçganlar gutulmaz bu belalardan.

Ýatma, Magtymguly, aşretiň söýüp,
Munça ýatajak sen kepeniň geýip,
Hajatyn taparmy, hojasyn goýup,
Dileg eden kimse gul-gedalardan!?

Magtymguly

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir