Soganyň we sarymsagyň ynsan bedenini rak keseliniň ýaýramagyndan goraýandygyny fransuz alymlary ynamlylyk bilen öňe sürýärler. Biziň eždatlarymyz ir zamanlarda hem bu önümleri köp ulanypdyrlar. Alymlar bu önümleriň esasy oňaýly täsirlerini çişe we sowuklama garşy häsiýetleri bilen baglanyşdyrýarlar. Golaýda soganyň peýdasy bilen baglanyşykly barlag geçirildi. Şonda gyzyl soganyň özboluşly düzüminiň bardygy belli boldy.
Soganyň düzümindäki “ontosian” diýlip atlandyrylýan reňk beriji maddalar alymlary has-da gyzyklandyrýar. Barlaglarda bu maddalaryň çişleriň ýaýramagyny haýalladýandygy belli boldy. Şonuň ýaly hem gyzyl soganda çişleriň mukdaryny azaldýan flawonoid kwersetin bar. Bitewülikde alanyňda, rak öýjükleriniň öz-özüni ýok etmäge mejbur edýän biologik ýollaryny işjeňleşdirmegiň hasabyna raga garşy durmaga mümkinçilik döredilýär. Netijede, çişler üçin has oňaýsyz şert emele gelip, rak öýjükleriniň arabaglanyşygy bozulýar. Bu ýagdaý bolsa, keseliň badyny ýatyrmaga sebäp bolýar. Mundan ozal, alymlar içegäniň rak öýjüklerini soganyň bäş görnüşinden alnan kwarsetin bilen gaýtadan işläpdiler. Şonda olaryň içinde raga islendik soganyň oňaýly täsir edýändigine garamazdan, iň täsirlisi gyzyl sogan bolup çykypdy.

Çeşme: zamanturkmenistan.com

Bilim, Gürgençli tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir