ÝÜP
Hekaýa

Keşde çekilip, gaýma gaýalýan, kiriş ýaly sapak däl bi.
Bilek ýogynlygyndaky uly tanap hem däl. Tanapdan inçe.
Göze görnen gyzyň örüm saçyndan hem inçe. Çen bilen
orta ýaşly adamyň başam barmagyndan-a inçeräk,
külembikesindenem ýogynyrak, adaty bir ýüp. Munuň
deregi ýüpek, ýüň ýa geçi çöpüri bolman, eýsem, hut pagta
süýüminden işilen. Reňki goýy gök bolup, ozalbaşky
uzynlygy ýedi-sekiz gulaç dagyn bardy.
Guýudan suw çekmek üçin ulanylýan, kim bilýär,
nijembir külpetleri başdan geçiren öňki, köne ýüp halys
sary gidensoň, bir gün doly suwly bedräniň agramyna tap
getirmän üzülipdi. Onuň bir bölegi öý bikesiniň elinde
galyp, beýleki bölegi bedre bilen bilelikde guýynyň
düýbüne gidipdi. Onsoň öý bikesi bazara gidip, ine, şü
ýüpi satyn alyp geldi. Şeýlelikde bu ýüp heniz täze mahaly
özi ýaly täp-täzeje bedre bilen guýa sallandy. Ömrüniň bir
ýyla golaýy şol ýerde ötdi. Munuň kömegi bilen günde
telim bedre suw çykaryldy. Şunça wagtyň dowamynda
munuň kömegi bilen guýudan çykarylan suwy bir ýere
guýsaň, uly bir güzer gürrüňsiz emele geljekdi. Ýok, bu
ýüp ojagaz suwy götereni bilen ejizlemändi, tapdan
düşmändi. Entek güýç-kuwwaty ýetikdi. Içi suwly goşa bedräni asanyňda-da durkuny üýtgetmän, çydam etjekdigi
kesesinden görnüp durdy. Emma bir gün öýüň agyr ýüzli
hojaýyny suw sorujy nasos getirip gurnady-da, guýunyň
suwuny gara güýje daýanmazdan, tilsimat arkaly çykaryp
başlady. Aýalyna-da:
– Wawwasy bar ýaly ulanyň. Döwäýmäň. Ýaman
ynjyk zatdyr diýip tabşyrdy.
Bor diýip, äri bilen ylalaşaýmaly aýaly gözüni-gaşyny
çytyp, “Seň özüň ynjyk” diýerli göründi. Bir pursat
oýurganyp kesä bakdy-da, ters gürrüň tapdy:
– Özünden özi bozulyp, erteki gün bize yňňyldajak
bolsaň, şu wagt ýok et, gözüm görmesin – diýip, öýe
getirilensoň yzyna äkidilmejegine göz ýetirip duranlygy
üçin aýtdy. Şeýdip, geljekde bolaýmagy ähtimal dawany
häzirden öz peýdasyna çözüp goýdy.
Aýalyna juda belet bolansoň, öýüň hojaýyny ätiýaçly
gürrüň etdi.
– Özünden özi bozulybermeli bormy, how! Tapýan
gürrüňiň näteňet? Iňňeden çykma gopuz ýaly täzeje nasos
ahyryn bi . Şalpaň tutman ulansaň, ýaman uzaga gider.
– Şalpaň tutup, näme, bu artybyň üstüne artlaýyn
münüp, alys ýere gelnanja gitjek bolýan barmy?
– Gereginden artyk işledip, agram bermeseňiz hiç
zadam bolmaz. Esasy zat, motory ýanmasa bolýa. Motory
ýansa, bejerjek gümanyň ýok. Şoňa seresap boluň – diýip,
äri başardygyndan sypaýy düşündirdi.
Aýaly soňam birgiden içýakgyç hem kejir gürrüňler
etdi. Äriniň gitdigiçe ýüzüniň gany gaçdy, boýnunyň
ýüzündäki damarlary gatady, ýuwaş-ýuwaşdan eli
sandyrap başlady.
Ýüpi bolsa, bedräň sapyndan çözüp aýyrdylar-da,
odur-budur saklanýan köne tamyň garaňky burçuna oklap

Dowamy teswirlerde bolar...

Awtory Kakamyrat Ataýew

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir