MENANDRYŇ PÄHIMLERI. (Birinji bölümi)
(Menandr biziň eramyzdan ozalky 343—291-nji ýyllarda ýaşan).


Akyldar Menandr şeý diýipdir:
Ata-eneňe sarpa goý. Gojalygy ýaňsylama— çünki seniňem ümzügiň şol tarapadyr.
Özüňden ulyny syla, şeýtseň soň saňa-da hormat ederler.

Gandarlyk etme. Hiç haçan eliň beýle ýowuz işe bulaşmasyn. Nähak ölüme sebäp bolan kişiniň özüniň hem uzak ýaşaýan halaty bolýan däldir.

Eneň-ataň pendini pugta belle. Olary artykmaç alada goýma hem gynandyrma. Atasyna hyýanat ýa-da enesini agladanyň muzzy gara gylyçdyr. Ol ir-u-giç betbagtlyga uçrar.

Biwepa aýalyň aýagy egrem-bugram ýollara elter. Ärine ikilik etmekden agyr günä bolarmy? Emma aýalyna adalatsyz daraýan erkek kişi hem ýalkanýan däldir.

Ogluňy azgynlykdan, hyzmatkäriňi bolsa bikär üýşmeleňden daşda sakla, sebäbi zyna işleriň hem bikärligiň soňy ogurlyga elter.
Şeraby çakyny bilip iç, serhoşlukda bolsa öwünme. Şerabyň tiz akyldan aýyrýandygyny unutma. Şerapdan kellesi sämän erkek kişi öwünmäge başlaýar, soň bolsa eden işine ökünýär, onsoň ähli kişiniň gözünden düşýar

Köp ýatmak gylygyny ýigren. Uky ölüme barabardyr. Ukudaky adamyň ölüden tapawudy ýokdur.

Hyjuwyny erkine goýberýän hem haram keýpden lezzet alýan adamlaryň soň eden işine ökünmeýänleri ýokdur.

Hyjuwyny jylawlamagy hem agzyna buýurmagy başarýan adam geljekde şol işini kanagatlanmak bilen ýatlar.

Ýaltalyk länetlidir. Ol açlygyň, teşneligiň, ýalaňaçlygyň hem zeýrenjiň üstünden elter. Ähli kişiniň unaýan zady zähmetsöýerlik hem yhlaslylykdyr: şeýle adamyň garny dok, ýüzi nurlukdyr. Jepakeş şowsuzlyga uçraýanda-da igenilmez.

Dawa-jenjelden gaça dur. Özüňden ula el galdyrma.

Bir gezek dostlary Gomerden sorapdyr:
«Goja kişä el göteren adama näme garaşýandyr?»
Gomer şeýle jogap beripdir:
«Onuň gözi gapylar».
«Onda ejesine el galdyrana näme bolar?».
Ol jogap beripdir:
«Ony ýer götermez. Sebäbi ýer ähli zadyň enesidir».
Ondan ýene sorapdyrlar:
«Eýsem kakasyna el galdyranyň jezasy näme bolar?»
Gomer dostlaryna şeý diýipdir:
«Beýle zat görlüp-eşidilen däldir. Şeýle bolansoň o hakda gürrüň edip oturmagyň hajaty ýok. Kakasyna el galdyrmaga het edip bilýän ogul bolmaz. Ejesi ony keseki biri bilen haram keýpden soň dogran bolsa başga gep».

Ataňy oňat gör. Ondan çekin hem syla. Ejeňi ýigrenme hem gynandyrma, sebäbi ol seni on aýlap*(Siriýanyň edebi ýadygärliklerinde göwreliligiň möhleti on aý diýilýär.) garnynda göterendir. Onsoňam, ol seni dogurjak bolup, ölümiň bosagasyndan gaýdandyr.
⇱⇲⇱⇲⇱⇲⇱⇲⇱⇲⇱⇲⇱⇲⇱⇲
Çeşme.GÜNDOGAR PÄHIMLERI. Atly kitapdan. (Pähimler, şorta sözler, gysgajyk halk hekaýalary)
Kitap çap edilen ýyly. AŞGABAT «MAGARYF» 1993 ý.

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir